Beýik Britaniýada gündiz wagtyna teleýaýlymda we internetde ýagyň, duzuň we şekeriň köp mukdaryny özünde jemleýän önümleriň mahabatlaryny gadagan edýän täze düzgünler güýje girdi. Indi şeýle mahabatlar teleýaýlymlarda agşam sagat dokuzdan öň görkezmek gadagan edildi, internet giňişliginde bolsa bu çäklendirmeler gije-gündiziň dowamynda hereket edýär. Bu çäre ýaşlary marketing basyşyndan goramak we ir ýaşdan sagdyn endikleri kemala getirmek maksadyna gönükdirilendir.
Şeýle çäklendirmeleriň zerurlygy saglygy goraýyş ulgamynyň alada döredýän statistikalary bilen hem tassyklanylýar. Angliýada çagalaryň 22 göterimden gowragy mekdebe başlan wagty eýýäm artykmaç agrama eýe bolup durýar, orta mekdebe geçilende bolsa bu görkeziji 30 göterimden hem geçýär. Hökümet bu «maglumat filtriň» netijesinde semreme meseleleri bolan çagalaryň sanyny 20 müň adama çenli azaltmak mümkin bolar diýip umyt edýär.
Täze düzgünler eýýäm hereket edýän döwlet syýasatynyň üstüni dolýar. Ýurtda süýjüli içgilerde şekere ýokary salgyt girizildi, şeýle hem ýerli häkimiýet edaralaryna okuw mekdepleriniň golaýynda çalt naharhana nokatlarynyň açylmagyny çäklendirmek hukugy berildi. Bularyň ählisi ýaş nesliň saglygyny goramak üçin toplumlaýyn ulgamy emele getirýär.
Lukmançylyk jemgyýeti bu gadaganlygy oňyn garşy aldy, sebäbi ýaşlaryň arasynda 2-nji görnüşli süýji keseline ýolugmagyň artýandygy bellenilýär. Bilermenleriň pikiriçe, semreme geljekde saglyk üçin esasy howp döredýän faktorlaryň biridir. Mahabatyň çäklendirilmegi ene-atalara çagalaryň terbiýesinde kömek edýär we olaryň saýlawlaryna täsir edýän basyşly marketingiň täsirini peseldýär.
ORIENT
