Türkmen alymlary Merkezi Garagumlarda ýerleşýän Derweze ilatly nokadynda 60 ýyldan gowrak wagt bäri ýanyp duran gaz kraterini söndürmegiň täze usulyny teklip etdiler. Türkmenistanyň «Türkmengaz» Döwlet konserniniň Tebigy gazy ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri 1963-nji ýyldan bäri ýer ýüzüne çykyp ýanýan tebigy gaz bilen baglanyşykly Derweze kraterindäki dolandyrylmaýan ýanyşyň aradan aýrylmagy üçin täze usuly işläp taýýarladylar. Teklip edilýän çözgüt täze guýynyň burawlanmagyna we gaz akymlarynyň başga ugra gönükdirilmegine esaslanýar.
Anyklanan geologik we gidrodinamik aýratynlyklary nazara almak bilen, hünärmenler Derweze kraterine goňşy ýerleşýän Çaljulba gaz ýatagynda ulanyş-baha beriş maksatly täze guýyny burawlamagy teklip etdiler. Gaz ätiýaçlary boýunça iň sygymly gatlakdan intensiw gaz alynmagy arkaly filtrasiýa akymlarynyň ugruny üýtgetmek we Derweze kraterine gazyň gelşini ep-esli azaltmak mümkin.
Takmynan 60 metr diametri we 20 metre golaý çuňlugy bolan krater gazly gurluşda geçirilen gözleg guýusynyň heläkçilikli çökmek hadysasynyň netijesinde emele geldi. Aşgabatdan takmynan 270 kilometr uzaklykda ýerleşýän bu ýer özboluşly tebigy-tehnogen ýadygärlige öwrüldi. Heläkçilik ýüze çykan pursatynda adamlaryň we haýwanlaryň zäherlenmeginiň öňüni almak maksady bilen çykýan gaz ýakyldy. Gazyň ýanmagynyň birnäçe günüň dowamynda sönjekdigi çak edilipdi, emma alaw alty onýyllykdan gowrak wagt bäri öçmän ýanyp dur.
Uzak wagtlap dowam edýän ýanma Zeagli–Derweze gaz ýataklary toparynyň çylşyrymly geologik gurluşy bilen düşündirilýär. Krateriň ýerleşýän bu sebitinde 200-den 950 metre çenli çuňluklarda ýerleşýän, biri-biri bilen gidrodinamik taýdan baglanyşykly köp sanly inçe öndürijilikli gatlaklar bar. Bu ýagdaý gatlaklaryň arasynda gazyň hemişelik geçip durmagyna şert döredýär.
Öň krateri barlamak boýunça birnäçe synanyşyklar edildi. «Türkmengaz» DK-nyň hünärmenleri guýynyň sütüniniň galyndylaryny tapmak we guýynyň agyz enjamlaryny oturtmak maksady bilen krateriň düýbüne düşdüler, emma gaz köp sanly ojaklardan çykýandygy sebäpli guýy boýunça gözegçiligi dikeltmek başartmady.
Häzirki wagtda bu toparyň düzümindäki dokuz gaz ýatagy senagat taýdan işlenilýär, gaz çykarylyşy 45 guýynyň üsti bilen alnyp barylýar. Institut bu sebitde kyrk ýyldan gowrak wagt bäri toplumlaýyn ylmy-barlag işlerini alyp barýar.
Institutda bellenilişi ýaly, ylmy taýdan esaslandyrylan bu çözgüdiň durmuşa geçirilmegi atmosfera dolandyrylmaýan gaz zyňyndylarynyň doly ýok edilmegine, ekologiýa agramynyň peselmegine hem-de Türkmenistanyň tebigy baýlyklarynyň rejeli peýdalanylmagyna mümkinçilik berer.
ORIENT
