Merkezi Aziýa döwletleriniň, Gruziýanyň we Ermenistanyň kärdeşler toparynyň düzüminde türkmen žurnalistleriniň Hindistana media-syýahatyna gatnaşjakdygy baradaky habar garaşylmadyk ýagdaýda geldi. Edil ähli garaşylmadyk sowgatlar ýaly, bu habar hem täze tanyşlyklara we täsirlere sabyrsyzlyk bilen garaşmagyň ýakymly duýgusyny galdyrdy.
Köp taryhy maglumatlaryň tassyklaýşy ýaly, halklarymyzy uzak wagtlap ýakyn dostlukly we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrsa-da, Hindistan bilen duşuşmagyň geljeginiň birden açylmagy meniň kellämdäki ähli zady garyşdyrdy.
Ýadymyzyň jümmüşinden ilki bilen peýda bolan zat — iki sany beýik siwilizasiýanyň arasyndaky gatnaşyklardyr. Bular Türkmenistanyň çäginde bürünç asyrynda pajarlap ösen gadymy Margiana we Hind derýasynyň jülgesinde dörän Harappa siwilizasiýalarydyr.
Şol bada Aşgabatda akademik Boris Smirnowyň terjime etmeginde neşir edilen köp jiltli ady rowaýata öwrülen “Mahabharata” atly eposy ýadyma düşdi. Şeýle-de, XVI asyryň ortalarynda entek gaty ýaş bolan imperator Akbaryň halypasy bolup, Hindistany iş ýüzünde dolandyran ildeşimiz, beýik şahyr we serkerde Baýram han ýadyňa düşýär.
Göz öňümde öz-özünden Nikolaý Rerihyň suratlary janlandy (olaryň käbirleri, şol sanda awtorlyk nusgalary Türkmenistanyň muzeýlerinde saklanylýar), ol Hindistanda otuz ýyldan gowrak wagtlap ýaşapdyr. Bu beýik filosof we suratkeş Tibet daglaryna baranynda özüniň iň uly arzuwyny amala aşyrmaga çalşypdy – budda akdyldaryny we gadymy kitaplaryň köp gürrüň berýän syrly Şambalasyny tapmagy.
Ruhy hakykaty gözläp, meditasiýa edip, tagtyndan ýüz öwürýän şazada Gautama Siddhartanyň keşbi ýadyma düşdi. Ol ýüzündäki üýtgewsiz ýarym ýylgyryşy bilen asuda oturan bu şahsyýet dünýäde has köp Budda — planetamyzyň iň giň ýaýran dinleriniň biriniň düýbüni tutujy hökmünde tanalýar.
Gaýtalap aýtýaryn, Hindistana baryp görmek baradaky teklipden soň (bu meniň köpden bäri arzuwymdy), aňymda oýanan oý-pikirleriň we duýgularyň täsirinden garaşylmadyk bir bulam-bujarlyk döredi. Emma bu ýurduň Türkmenistandaky täze ilçisi Bandaru Wilsonbabu resmi bolmadyk duşuşygyň dowamynda ýerli žurnalistlere öz watanynyň gazananlary barada gürrüň berende, kellemde emele gelen duman kem-kemden aýrylyp başlady, ahyrynda hemme zat öz ýerine düşdi.
Ilçiniň aýtmagyna görä, saparyň maksady metbugat syýahatyň gatnaşyjylary öz watanlarynyň baý medeniýeti we taryhy mirasy, şeýle hem onuň esasy ykdysady, tehnologik we durmuş ugurly başlangyçlary bilen tanyşdyrmakdan ybaratdy.
Hindistan özüniň dürli-dürlüligi bilen syýahatçylary hemişe haýran galdyrýar. Bu ýerde gadymy däp-dessurlar we iň baý medeniýet iň täze tehnologiki ösüşler bilen, kosmos baradaky uly maksatlar — güýçli IT-pudagy bilen, ösen senagat bolsa ilatyň iş bilen üpjünçiliginde möhüm pudak bolmagyny dowam etdirýän oba hojalygy bilen sazlaşykly utgaşýar.
Bu ýer gadymy ýadygärlikleriň we başy gök diräp duran häzirki zaman binalaryň, däp-dessurlaryň we innowasiýalaryň, gadymy ynançlaryň we häzirki zaman kosmos boýunça ylmy-barlaglaryň bilelikde ösýän ýurdy. Bu topraklar iň gadymy siwilizasiýalaryň biriniň dörän ýeri bolup, öz mirasy bilen buýsanýar we geljege ynamly barýar. Halk 2025-nji ýylda “Altyn Hindistan: miras we ösüş” atly şygary astynda baý medeni mirasyny häzirki zaman ykdysady ösüşine ornaşdyrmaga çalyşýar.
Duşuşykda diplomat Hindistanyň parahatçylyk söýüji halkynyň müň ýyllyk taryhynyň dowamynda hiç haçan basyp alyş uruşlaryna gatnaşmandygyny aýratyn nygtady.
– Siz meniň Watanymyň durmuş we ykdysady ulgamlarda uly ösüşlere ýetendigini, dünýäniň öňdebaryjy senagat ýurtlarynyň birine öwrülendigini öz gözüňiz bilen görersiňiz – diýip, ilçi aýtdy.
Gaýtadan dikeldilýän energiýany işjeň ösdürip, eýýäm Hindistan 2030-njy ýyla çenli bu ugurdaky maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça işleriň görkezijisini 40 göterimine ýetirdi. Şunuň bilen birlikde, ýurduň Hökümeti 2070-nji ýyla çenli zyňyndylaryň nol derejesine ýetmegini maksat ediýär.

Hindistan 1991-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurtlaryň biri boldy we diplomatik gatnaşyklar resmi taýdan 1992-nji ýylyň aprelinde ýola goýuldy.
Şondan bäri taraplar söwda-ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň işini we daşary işler ministrleriniň derejesinde maslahatlary öz içine alýan yzygiderli syýasy dialog dowam etdirýärler.
Türkmenistan Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky ulag we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki sebitleýin başlangyçlara, şol sanda Aşgabat ylalaşygyna we Eýranyň Çabahar portuny ulanmaga, şeýle hem Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesine işjeň gatnaşýar.
Hindistan Türkmenistandan pagta ýüplügini we taýýar dokma önümlerini import edýär. 2024-nji ýylyň ahyryna çenli pagta önümleriniň umumy import möçberi ýüz millionlarça dollara (Trading Economics maglumatlaryna görä – takmynan 262,5 million dollar) barabar diýlip çaklanylýar.
Türkmenistandan eksport edilýän harytlaryň arasynda mineral dökünler we ýod agdyklyk edýär. 2025-nji ýylda söwda dolanyşygynyň artmagyna garaşylýar. Diňe 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistandan Hindistana eksport 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 86% artdy.
Iki ýurt hem bilelikdäki Hökümetara toparynyň çäklerinde netijeli dialogy dowam etdirýärler we dokma senagatyny ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde görkezýärler.
Türkmenistanyň hindi bazaryna eksport edýän esasy önümlerine mineral ýangyçlar, organiki däl himiki maddalar, dökünler we beýleki önümler hem girýär. Hindistan öz gezeginde Türkmenistana derman serişdelerini, himiki maddalary we inženerçilik enjamlaryny eksport edýär.
Bilim we tehnologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk 2011-nji ýylda Aşgabatda IT hünärmenlerini taýýarlamak üçin açylan bilelikdäki maglumat tehnologiýalary merkezi arkaly hem amala aşyrylýar.
Bu we beýliki köp sanly görkezijiler syýasy, ykdysady, tehnologik we medeni derejelerde ikitaraplaýyn dialogyň strategik mümkinçiliklerini görkezýär.
Metbugat syýahatynyň Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň Daşky köpçülikleýin habar beriş we diplomatiýa departamentiniň media bölümi tarapyndan gurnalandygyny bellemek gerek.
...Şeýlelikde, Hindistan barada bir wagtlar okalan we eşidilen zatlaryň hemmesini indi öz gözlerim bilen görüp bilerin. Täze duşuşyklaryň öňünden duýulýan şatlyk mende bu haýran galdyryjy ýurt bilen göni tanyşlyga geçmäge mümkinçilik döretdi.
Bu barada indiki neşirlerde gürrüň bererin.
Enejan KEPBANOWA

