Aşgabatda dünýä belli ýyldyzlaryň Täze ýyl konsertleri köpden bäri paýtagtymyzyň şaýollaryny bezeýän umumy baýramçylyk yşyklandyryşy ýaly gowy däbe öwrüldi. 2025-nji ýylyň soňky günlerinde Sportuň gyşky oýun görnüşleri sport toplumy uly aýdym-sazly marafonyň merkezine öwrüler. Bu ýyl guramaçylar köpdürlüligi ileri tutdy: bize gündogar owazlary, rus hip-hopy we türk romantizmi garaşýar. Sungat işgärleri öz döredijilik toparlary bilen bilelikde gelýärler, bu bolsa tomaşaçylara janly sesi we ýokary derejeli sahna goýluşyny wada berýär.
Araş: Gündogar joşguny (27-nji dekabr)
Marafony meşhur aýdymçy Arash açýar. Eýran gelip çykyşly, “dünýä raýaty” hasaplanýan, gündogar ruhly aýdymçy “Boro Boro” we “Pure Love” ýaly meşhur aýdymlary bilen öz wagtynda dünýä çartlaryny öňdäki orunlary eýeleýärdi. Ol paýtagtymyza ýokary hilli çykyş taýýarlamak üçin öňünden gelýär. Araşyñ sahnadaky çykyşlary hemişe güýçli hyjuw we gündogar öwüşgini bilen tapawutlanýar hem-de öňümizdäki baýramçylyk günlerine ajaýyp badalga berýär.

Mot: Lirika we uly şäheriň hyjuwy (28-nji dekabr)
Gündogar owazlaryndan soň sahna Mot (Matweý Melnikow) çykýar. Artist 19 hünärmenden ybarat topary bilen bilelikde Aşgabada gelip, tomaşaçylara doly derejeli sazly şowhuny hödürlär. Mot çuňňur we çyn ýürekden lirika (“Капкан”, “Август — это ты”) bilen durup bolmajak joşgunly aýdymlaryň arasynda ussatlyk bilen deňagramlylygy saklaýar. Onuň konsertleri hemişe tomaşaçy bilen janly dialog, doly özüni bagyşlamak we ýokary hilli sazlary halaýanlar üçin hakyky sowgatdyr. Hip-hop, jaz we ruhy soul sazlarynyň sazlaşygy baýramçylyk marafonynyň iň duýguly pursatlarynyň birine öwrülmegi wada berýär.

Semicenk: Türk tolkuny (29-njy dekabr)
Gatnaşyjylaryň sany boýunça iň köpçülikleýin sapar türk fenomeni Semicenk (Jenk Baş) bilen baglanyşykly bolar. Onuň ýany bilen 27 adamdan ybarat uly topar gelýär — bu bolsa çylşyrymly tehniki sahna goýluşyna we giň gerimli sese garaşmaga esas berýär. Häzirki wagtda Semicenk Türkiýede we Merkezi Aziýada iň meşhur artistleriniň biridir. Onuň “Pişman Değilim” we “Canın Sağ Olsun” ýaly aýdymlaryndaky mahmal ýaly ýumşak wokaly rahat, şol bir wagtyň özünde dabaraly Täze ýyl öňýanyndaky ruhy döretmek üçin iň amatlsydyr.

Soňky akord (30-njy dekabr)
Baýramçylyk tapgyryny 30-njy dekabrda türkmen estrada ýyldyzlary jemlär. Olar dört günüň dowamynda toplanan ähli hyjuwy bir ýere jemläp, ýurdumyzy 2026-njy ýylyň gelmegi bilen gutlarlar.
Ähli konsertler sagat 18:00-da başlanýar. Janly ses, ýagtylyk we joşgun — Aşgabat 2025-nji ýyl bilen iň ýokary mukamda hoşlaşýar.
