Häzirki wagtda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ulag hyzmatdaşlygy Merkezi Aziýanyň baglanyşyklylygynyň täze arhitekturasyny emele getirip, sebitiň giň Ýewraziýa giňişligine çykmagy üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýän strategik ähmiýete eýe bolýar.
Iki ýurt Gündogar–Günbatar we Demirgazyk–Günorta esasy üstaşyr ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýär, bu bolsa logistika, multimodal daşamalar we sanly çözgütler ulgamyndaky bilelikdäki taslamalaryň ýokary derejede islegli bolmagyny şertlendirýär.
Döwlet Baştutanlarynyň paýhasly syýasaty netijesinde hoşniýetli goňşuçylyk we özara ynanyşmak gurşawy pugtalandyrylýar, ulag özara baglanyşygy we sebit integrasiýasy çuňlaşdyrylýar. Kem-kemden Merkezi Aziýanyň täze sebit özboluşlylygy emele gelýär. Goňşuçylygyň kynçylyk däl-de, mümkinçilik hökmünde kabul edilýän, bir ýurduň üstünliginiň umumy gazanana öwrülýän bitewi sebit giňişligine degişli bolmak duýgusy güýçlenýär.
Özbegistan bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy bu ugurdaky meýilleri aýdyň görkezýär: infrastruktura taslamalarynyň utgaşdyrylmagyny güýçlendirmek we üstaşyr amallaryny ýeňilleşdirmek arkaly ýurtlar has bäsdeşlige ukyply we durnukly logistika zynjyrlarynyň binýadyny döredýärler.
2025-nji ýylyň 9 aýynyň dowamynda ýurtlaryň arasyndaky ýük daşamalaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 30% artdy we 1,3 mln tonna ýetdi.
Şunda daşamalaryň iň uly paýy (43%) awtomobil ulagyna degişli bolup, bu ugur iki ýurduň arasyndaky ulag baglanyşygynyň esasy elementleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanyň çäginden geçýän ugurlar Özbegistan üçin Hazar deňzine, Ýakyn Gündogara we Eýrana çykalgany üpjün edip, daşary söwdany diwersifikasiýalaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Serhet geçelgeleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, işleriň optimizasiýasy we sanly gurallaryň ornaşdyrylmagy netijesinde awtomobil daşamalarynyň möçberi durnukly ösüşi görkezýär.
2024-nji ýylyň dekabrynda Farap awtomobil ýol gümrük toplumynyň täzeden gurlup ulanylmaga berilmegi sebit ulag-logistika infrastrukturasynyň ösüşinde möhüm ädim boldy.
Döwrebaplaşdyryş işleriniň netijesinde desganyň geçirijilik ukyby bir gije-gündizde 1000 ulag serişdesine çenli ýokarlandy, bu bolsa öňki görkezijiden iki esse köpdür. Infrastruktura täzelenişi diňe bir geçelgäniň geçirijilik ukybyny artdyrman, eýsem ýurtlaryň arasyndaky söwda akymlarynyň köpelmegi üçin hem goşmaça mümkinçilikleri döretdi.
2025-nji ýyldan başlap Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda awtomobil ulagy arkaly daşamalar boýunça iki ýurduň çäklerinde alynýan ýygymlar we tölegler babatda paritet şertlerini ornaşdyrmak hakynda ylalaşyk gazanyldy. Bu ädim daşaýjylar üçin açyk we deň şertleri üpjün edip, ulag çykdajylaryny peseldýär, üstaşyr daşamalary ýeňilleşdirýär we awtomobil daşamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrýar.
Awtomobil daşamalarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegi üçin, wiza düzgünlerini hem öz içine alýan käbir amallary optimizasiýalaşdyrmak boýunça bilelikdäki işleri alyp barmak maksadalaýyk bolar, bu bolsa daşaýjylar üçin has çeýe we amatly şertleri döreder.
Mundan başga-da, ikitaraplaýyn gatnaşyklarda aýratyn orun eýeleýän demir ýol ulagy ulgamynda hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar.
Türkmenistanyň çäginden Hazar deňzindäki Türkmenbaşy portuna hem-de Pars aýlagyndaky Bender-Abbas portuna durnukly logistika elýeterliligi üpjün edilýär, bu bolsa Kawkaz, Türkiýe, Ýewropa we Ýakyn Gündogar ugurlarynda multimodal daşamalaryň mümkinçiliklerini ep-esli giňeldýär.
Demir ýol edaralarynyň bilelikdäki işi serhetdeş stansiýalaryň geçirijilik ukybyny artdyrmaga, nyrh syýasatyny optimizasiýalaşdyrmaga we konteýner hyzmatlaryny ösdürmäge gönükdirilip, daşamalaryň tizligini we durnuklylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Şol bir wagtyň özünde nyrh goldawy üstaşyr daşamalary höweslendirmegiň esasy gurallarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäginden geçýän ýük daşamalaryna ýükleriň görnüşine we ugra baglylykda 50%-e çenli arzanladyşlar berilýär, bu bolsa üstaşyr daşamalarynyň durnuklylygyny we daşaýjylar üçin ygtybarly şertleriň emele gelmegini üpjün edýär.
Multimodal zynjyrlaryň ösüşinde Türkmenbaşynyň deňiz infrastrukturasynyň ähmiýeti aýratyn uludyr. Döwrebaplaşdyrylan halkara port Hazarüsti ulag ulgamynyň esasy çatrygynyň birine öwrüldi.
Hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrligi bilen Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň arasynda gämi gurluşygy pudagynda hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýan Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Şol bir wagtyň özünde ähli gatnaşyjy ýurtlar üçin üstaşyr daşamalaryň ösüşini üpjün edýän halkara ulag geçelgeleri hem işjeň ösdürilýär.
Şolaryň biri 2019-njy ýyldan bäri işleýän we Özbegistany, Gyrgyzystany, Türkmenistany, Azerbaýjany, Gruziýany hem-de Türkiýäni birleşdirýän CASCA+ ugrudyr. Alty ýyllyk döwrüň dowamynda onuň ösüşi boýunça Utgaşdyryjy geňeş döredildi, ýük daşamalary üçin 70%-e çenli nyrh ýeňillikleri berildi we operatorlar üçin amatly şertler döredildi.
Netijede, 2024-nji ýylda bu ugur boýunça Özbegistanyň eksport-import ýükleriniň möçberi 1 mln tonna barabar boldy, bu bolsa 2019-njy ýyldaky görkezijilerden bäş esse köpdür.
Bu geçelgäniň ösüşi üçin Türkmenbaşy porty arkaly ýük daşamalarynyň bökdençsiz üpjün edilmegi, duralgaly ýerlerde düýp çuňlatmak işleriniň geçirilmegi we paromlaryň sanynyň artdyrylmagy boýunça tagallalary utgaşdyrmak möhümdir.
Şeýle hem Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe ugry boýunça alternatiw geçelgäniň ösdürilmegi babatda işler alnyp barylýar. 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Daşkent şäherinde YHG-nyň ministrler derejesindäki mejlisiniň çäginde dört ýurduň (Özbegistan, Türkmenistan, Eýran we Türkiýe) ulag pudagyndaky degişli ministrlikleriniň arasynda Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe arkaly Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän halkara multimodal geçelgäni döretmek boýunça köptaraplaýyn duşuşygyň Teswirnamasyna gol çekildi.
Bu geçelgäniň durmuşa geçirilmegi Aziýa–Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryny Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň çäkleri arkaly Ýewropa Bileleşiginiň döwletleri bilen baglanyşdyryp, täze durnukly logistika ugruny döreder.
Geçelgäniň ösüşi üçin Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň demir ýollarynda bäsdeşlige ukyply daşama bahalarynyň döredilmegi, ýük daşamalary üçin amatly şertleriň üpjün edilmegi, kadalaşdyryjy-hukuk we tehniki standartlaryň unifikasiýasy hem-de gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda ulag özara baglanyşygynyň ýokarlandyrylmagy boýunça bilelikdäki işleri güýçlendirmek zerurdyr.
Awiasiýa hyzmatdaşlygy ulgamynda hem ösüşler gazanylýar. 2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrligi bilen “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň arasynda raýat awiasiýasy babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek we ýurtlaryň arasynda yzygiderli howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmak boýunça Teswirnama gol çekildi.
Daşamalaryň möçberiniň artmagy, ugurlaryň diwersifikasiýalaşdyrylmagy we tehnologik hyzmatdaşlygyň derejesiniň ýokarlanmagy Özbegistan bilen Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň täze logistika giňişligini emele getirmegine şert döredýär. Bu giňişlikde iki ýurt sebit infrastrukturasynyň biri-birini doldurýan esasy elementleri hökmünde çykyş edýär.
Ulag geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak, amallary sanlylaşdyrmak we ýük eýeleri üçin amatly şertleri döretmek boýunça bilelikdäki tagallalar uzak möhletli ösüş üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.
Geljekde Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy sebitin Ýewraziýa ulag ulgamyna integrasiýalaşmagynyň, ugurlaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň artmagynyň, täze logistika alternatiw görnüşleriniň döredilmeginiň we Merkezi Aziýanyň yklymyň esasy üstaşyr merkezine öwrülmeginiň möhüm faktory bolar.
Dildora Ibragimowa
Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň ýanyndaky Ulag we logistika ösüşiniň meselelerini öwreniş merkeziniň Dolandyryş müdirliginiň başlygy
