Tokioda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň öňdebaryjy işewürleriniň öňünde çykyş etdi. Döwlet Baştutany iri korporasiýalaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň ýokary tehnologiýaly we ekologiýa taýdan jogapkär hyzmatdaş hökmünde strategik garaýşyny beýan etdi.
ORIENT çykyşyň esasy bölegini belläp, ýakyn ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitledi.
Ýaponiýa döwrebaplaşdyryşyň çelgisi hökmünde
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan üçin Ýaponiýa senagat ösüşi bilen ekologik jogapkärçiligiň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň nusgasy bolup durýandygyny nygtady. “Itochu”, “Kawasaki”, “Mitsubishi” we “Sumitomo” ýaly ägirtleriň tejribesi Maryda, Garabogazda we Owadandepedäki iri zawodlaryň binýadyny düzdi. Şol bir wagtda Aşgabat täze, has giň gerimli we uzak geljegi nazarlaýan maksatlara ýetmegi ugur edinýär.
Tokionyň dört sany “ýaşyl” teklibi
Çykyşyň esasy bölegi sirkulýar ykdysadyýete geçmäge çagyryşy boldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow ýapon kompaniýalaryna dört sany anyk innowasion taslamany teklip etdi:
Senagat taýdan gaýtadan işlemek: Hojalyk harytlaryny we gurluşyk galyndylaryny gaýtadan işlemek üçin döwrebap zawodyň gurluşygy.
Suw dolandyryşy: Senagatda gaýtadan ulanmak üçin , hapa suwlary arassalamak ulgamlary.
Plastik galyndylaryň möçberini azaltmak: Plastik plastik çüýşeleri gaýtadan işlemek boýunça kiçi zawodlaryň taslamasyny öwrenmek.
Elektron ekologiýa: Köne hojalyk enjamlary (metal, plastik we mikroshema) üçin gaýtadan işlemek boýunça zawod.
Täze ugurlar: Wodorod we IT
Türkmenistan resmi taýdan wodorod energetikasy we suwy tygşytlamak babatda Ýaponiýanyň ösüşlerine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şeýle hem, maşyn gurluşyk we elektronika ulgamynda ýapon önümlerini işjeň ilerletmäge taýýardygy mälim edildi.
Maýadarlar üçin kepillikler
“Türkmenistan ýapon işewürler jemgyýetçiligine uzak möhletleýin maýa goýumlary, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri teklip etmäge taýýardyr” – diýip, Serdar Berdimuhamedow mälim etdi. Döwlet Baştutany Aşgabadyň ýurtda ýapon işewürlini uzak möhletleýin esasda iş alyp barmaga hemmetaraplaýyn goldaw bermäge üýtgewsiz ygrarlydynyny tassyklady.
