Aşgabat, 19-njy dekabr | ORIENT. Penşenbe güni Türkmenistanyň paýtagtynda Halkara Adam hukuklarynyň gününe bagyşlanan açyk çekişmeler geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasy tarapyndan Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty, şeýle hem Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili (Ombudsmen) edarasy bilen bilelikde guralan bu meýdança XXI asyryň çylşyrymly meseleleri boýunça gyzgalaňly pikir alyşmalaryň merkezine öwrüldi.
Intellektual bäsleşige ýurdumyzyň iň iri üç ýokary okuw mekdebiniň toparlary gatnaşdy: DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti.
Çekişme-forum görnüşi gatnaşyjylara diňe çykyş etmek däl-de, eýsem jemgyýet üçin aýratyn möhüm bolan üç ýiti tema boýunça dürli garaýyşlary barada maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi:
• Emeli aň: tehnologik ösüş bilen şahsy durmuşyň goraglylygynyň arasyndaky deňagramlylyk;
• Howa bilen baglanyşykly meseleler: howanyň global üýtgemeleriniň häzirki wagtda adam hukuklaryna edýän täsiri;
• Inklýuziw bilim: her bir adam üçin deň mümkinçilikleri döretmegiň ýollary.

Düzümine Ýewropa Bileleşiginiň diplomatlary hem-de halkara guramalaryň bilermenleri giren eminler topary diňe garaýyşlaryň çuňlugyna däl, eýsem çykyş ussatlygyna, pikirleriň logikasyna we iň esasy zat — pikir alyşmalary alyp barmagyň medeniýetine baha berdi.
Şeýle başlangyçlar ýaşlaryň arasynda tankydy pikirlenmäni we raýat işjeňligi ösdürmäge gönükdirilendir. Geçirilen çekişmeler Türkmenistanyň ýaş nesliniň häzirki döwrüň iň çylşyrymly meseleleri boýunça açyk we konstruktiw dialoga taýýardygyny tassyklady.

