AŞGABAT, 19-njy dekabr | ORIENT. Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilelikde düşüren «Magtymguly Pyragy» (2024) çeper filmi Moskwanyň ekranlaryna dolanyp gelýär. 19–23-nji dekabr aralygynda meşhur «Illýuzion» kino teatrynda ilkinji Açyk Ýewraziýa kino baýragy — «Göwher kebelek» bäsleşigine gatnaşan filmleriň mugt görkezilişleri geçirilýär.
XVIII asyryň beýik şahyrynyň durmuşyna we filosofik gözleglerine bagyşlanan türkmen filmi tomaşaçylara 21-nji dekabrda sagat 17:00-da hödürlener. Režissýor Muzaffarhan Erkinowyň surata düşüren filmi asyl dilinde, rusça subtitrler bilen görkezilýär, bu bolsa Magtymgulynyň şygryýetiniň sazlaşygyny we many-mazmunynyň çuňlugyny doly duýmaga mümkinçilik berýär.
ORIENT-niň öň habar berşi ýaly, Nikita Mihalkowyň teatrynda geçirilen «Göwher kebelek» baýragynyň ilkinji gowşurylyş dabarasy türkmen kinematografiýasy üçin hem ähmiýetli waka boldy. «Kompozitor» filmi boýunça eden işi üçin Meýlis Hudaýberenow iň gowy suratkeş hökmünde baýrak bilen sylaglandygyny hem ýatlap geçmeli.
«Magtymguly Pyragy» filminiň Russiýadan, Hytaýdan, Belarusdan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan hödürlenen eserler bilen bir hatarda Moskwadaky görkezilişler maksatnamasyna goşulmagy milli kino sungatynyň Ýewraziýa giňişligindäki ýokary derejesini tassyklaýar.
Russiýada ýaşaýan köp sanly türkmen diasporasy, Moskwanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary üçin bu görkeziliş diňe bir medeni çäre bolman, eýsem milli özboluşlylygyň gözbaşlaryna ýakynlaşmak üçin hem möhüm mümkinçilik bolar. «Illýuzion» kino teatryndaky görkezilişiň Magtymguly adyny ruhy bitewüligiň esasy nyşany hasaplaýan köp sanly watandaşlary jemlemegine garaşylýar.
Görkezilişleriň guramaçysy Russiýa Medeniýet gaznasy bolup, çäre RF-niň Medeniýet ministrliginiň we ROSKINO-nyň goldawy bilen geçirilýär.
