11-12-nji dekabrda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana iş saparyny amala aşyrdy.
Bu sapar – Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda soňky ýyllarda gazanylan ýokary derejedäki hyzmatdaşlygyň netijesidir. Daşkent däp boýunça dostlukly goňşusynyň sebitleýin durnuklylygy we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýar, iki ýurduň arasynda özara peýdaly ösüş üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Bu forum BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisinde yglan edilen, 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky türkmen tarapynyň başlangyjyny durmuşa geçirmegiň çäginde möhüm waka boldy.

Belläp geçmeli zatlaryň biri, bu derejä eýe bolanyndan bäri geçen üç onýyllykda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň parahatçylygy goldamaga gönükdirilen özboluşly diplomatik nusga öwrülip, giň halkara ykrarnamasyna eýe boldy. Aşgabadyň daşary syýasaty diňe bir ýurduň dialog we araçylyk meýdançasy hökmündäki ornuny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösüşine hem uly goşant goşdy.
Hususan-da, Bitaraplyk syýasatynyň esasynda durýan, goşulyşmazlyk, gapma-garşylyk döretmezlik, halkara hukugyna we diplomatiýa daýanmak ýaly esasy ýörelgeler sebitde howpsuzlygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin amatly şertleri döredýär. Mundan başga-da, olar Merkezi Aziýa döwletleriniň umumy garaýşyna doly gabat gelýär we Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli geçirilýän konsultatiw duşuşyklarynyň çäklerinde sebit ýurtlarynyň Liderleri tarapyndan kabul edilen strategik resminamalarda öz beýanyny tapýar.
Öz gezeginde, Merkezi Aziýada energetika dialogyny gurmak we ulag-aragatnaşyk aragatnaşyklaryny giňeltmek boýunça başlangyçlar Türkmenistanyň möhüm ulag we energetika merkezi hökmündäki ornuny nygtaýar, munň özi şeýle hem bitaraplyk syýasatynyň ýörelgelerini hem şöhlelendirýär.
Bu çemeleşme sebitleýin infrastrukturanyň özara baglanyşygyny we durnuklylygyny güýçlendirýär, Merkezi Aziýanyň Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary üçin strategik merkeze öwrülmegine ýardam edýär hem-de ykdysady gatnaşyklar we giňeldilen üstaşyr geçirijilik kuwwaty üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerini öňe ilerletmek boýunça işlere ygrarlylygy BMG-niň birnäçe kararnamalarynyň kabul edilmeginde öz beýanyny tapdy. Mysal üçin, 2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasy Merkezi Aziýany parahatçylyk, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy hökmünde resmi taýdan esaslandyrýan kararnamany kabul etdi.
Mundan başga-da, Türkmenistan halkara guramalary bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berýän köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Türkmenistan Merkezi Aziýada durnuklylygy we howpsuzlygy saklamaga uly goşant goşýan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini (UNRCCA) Aşgabatda açmak boýunça başlangyjyny öňe sürdi.
Öz gezeginde, geçen ýyl Türkmenistanda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumy doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde we Merkezi Aziýanyň ýurtlaryny we halklaryny has-da ýakynlaşdyrmakda, şeýle hem baý ruhy mirasymyzy bütin dünýäde wagyz etmekde möhüm ädim boldy.
Oňyn bitaraplyk syýasaty arkaly Türkmenistan dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürýär, Merkezi Aziýada parahatçylyk we ynanyşmak atmosferasyny döredýär. Iň esasysy, bu Özbegistanyň sebitleýin hyzmatdaşlyga çemeleşmelerine doly gabat gelýär we Daşkent bilen Aşgabadyň arasyndaky strategik dialogy we özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin berk binýady döredýär.

Iki doganlyk halkyň çuňňur taryhy we medeni umumylygyna esaslanýan Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek Özbegistanyň daşary syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugry bolup durýar. Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykyp, konstruktiw özara gatnaşyklaryň nusgasyna öwrüldi. Häzirki wagtda olar hakyky dostluk, özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ruhunda ösýär we iki döwletiň Baştutanlarynyň arasyndaky dialogyň ynamdar häsiýeti özbek-türkmen strategik hyzmatdaşlygynyň berk sütünleri bolup hyzmat edýär.
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň wezipä girişeninden soň ilkinji daşary ýurda saparynyň 2017-nji ýylyň martynda Türkmenistana amala aşyrylmagy ähmiýetli wakadyr. Bu taryhy saparyň netijeleri boýunça Strategik hyzmatdaşlyk hakynda şertnamasyna gol çekildi. Munuň özi bolsa ähli esasy ugurlarda hyzmatdaşlygyň depginli giňelmegi üçin başlangyç nokadyna öwrüldi.
Häzirki wagtda syýasat, ykdysadyýet, ulag, energetika, senagat we ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygy öz içine alýan iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli ösüş ýoluna düşdi.
Syýasy dialogyň aýratyn many-mazmunyny ýokary derejeli gatnaşyklaryň rekord derejede ýygylygy tassyklaýar: 2017-nji ýyldan bäri iki ýurduň Baştutanlary 22 sany duşuşyk geçirdiler. Özbegistan we Türkmenistan halkara meýdançalarynda – BMG-niň, GDA-nyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň we beýleki bileleşikleriň çäginde öz garaýyşlaryny utgaşdyrylmagyny yzygiderli güýçlendirýärler, bu bolsa olaryň bilelikdäki başlangyçlaryny tutuş Merkezi Aziýanyň durnuklylygynda we ösüşine möhüm görkezijä öwürýär.
Ykdysady pudak biziň hyzmatdaşlygymyzda aýratyn orun eýeleýär. Özbegistanyň we Türkmenistanyň Baştutanlarynyň strategik garaýşy netijesinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk okgunly häsiýete eýe boldy. Özara söwda 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende 6,5 esse artdy we 2024-nji ýylyň jemleri boýunça bolsa 1,2 milliard dollara ýetdi.
Mundan başga-da, önümleriň görnüşlerini giňeltmek we erkin söwda düzgünini netijeli ulanmak arkaly ýakyn geljekde özara söwdany 2 milliard dollara ýetirmek üçin ähli esaslar we syýasy erkler bar.
Bu ugurda möhüm ädim 2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda erkin söwda düzgüniniň girizilmegi boldy, bu bolsa iki ýurduň bazarlaryna harytlaryň elýeterliligini has-da ýeňilleşdirdi, işewürlik üçin amatly şertleri döretdi we kärhanalaryň eksport we import mümkinçiliklerini giňeltdi.
Söwda gatnaşyklarynyň institutsional ösüşi hem yzygiderli pugtalandyrylýar. 2021-nji ýyldan bäri işleýän Özbegistan-Türkmenistan Işewürler geňeşi iki ýurduň hususy pudaklarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin goşmaça gural bolup hyzmat edýär. Bu döwrüň içinde dört duşuşyk geçirildi, olaryň iň soňkysy 2024-nji ýylyň 16-njy iýulynda Daşkentde geçirildi, şol duşuşyklarda maýa goýum we senagat hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söwda infrastrukturasyny ösdürmek möhüm çözgüt – 2023-nji ýylyň fewral aýynda Daşkentde Türkmeistanyň Söwda öýüniň açylmagy boldy. Bu meýdança telekeçileriň arasynda göni aragatnaşyklary, önümleri mahabatlandyrmak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin amatly mehanizm döretdi.
Şol bir wagtyň özünde senagat gatnaşyklary hem giňelýär. Häzirki wagtda Özbegistanda türkmen maýasynyň gatnaşmagynda takmynan 195 kärhana işleýär.
Şu ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana amala aşyran döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşinde möhüm waka boldy.
Bu saparyň jemleri boýunça, taraplar senagat, ulag we logistika, syýahatçylyk we beýleki strategik taýdan möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen 14 sany resminamadan ybarat uly möçberde resminamalaryň toplumyna gol çekdiler.
Iki ýurduň Prezidentleri tarapyndan işe girizilen “Şawat-Daşoguz” bilelikdäki serhetýaka söwda zolagynyň açylmagy möhüm waka boldy. Onuň döredilmegi Özbegistanyň Horezm sebiti bilen Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň – jemi ilaty 3,5 milliondan gowrak bolan sebitleriň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk üçin düýpli täze infrastruktura arhitekturasyny kemala getirýär.
Iki ýurduň raýatlary indi serhetýaka söwda zolagyna wizasyz baryp bilerler, bu bolsa işewürlik we söwda gatnaşyklaryny has-da ýeňilleşdirýär. Onuň çäginde gümrük, fitosanitariýa, weterinariýa we karantin hyzmatlary “bir penjire”ulgamy esasynda işleýär. Şeýle hem bu ýerde bank, lukmançylyk we myhmanhana hyzmatlary hereket edýär. Zolagyň iş tejribesini serhediň beýleki böleklerine, esasan hem “Alat-Farap” ugry boýunça giňeltmek meýilleşdirilýär.
Saparyň ýene bir möhüm wakasy Prezidentler Şawkat Mirziýoýew bilen Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat bilen Daşkentiň arasyndaky göni howa gatnawlary dikeltmek baradaky karary boldy. Bu ädim iş saparlary üçin has amatly şertleri döretmegine, syýahatçylyk ugurlaryny giňeltmegine we iki ugur boýunça raýatlaryň hereketini ýokarlandyrmagyna garaşylýar.
Umuman alanyňda, özbek-türkmen hyzmatdaşlygynyň häzirki tapgyry ynama, özara hormata we halklarymyzyň taryhy ýakynlygyna esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesini görkezýär. Söwda, senagat hyzmatdaşlygynyň, ulag we ynsanperwer gatnaşyklaryň işjeň ösüşi hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin berk binýady döredýär.
Özbegistanyň we Türkmenistanyň Baştutanlarynyň saýlan ýoluny dowam etdirmek baradaky özara tutanýerliligi gatnaşyklaryň durnukly we uzak möhletleýin ösüşine ynam döredýär, bu bolsa iki ýurt üçin hem, tutuş sebit üçin hem peýdalydyr.
Azamat SULIMANOW, Bekzod NORMATOW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglar institutyny (SSBI)

