Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlary BMG agza döwletlerini 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna Gyrgyz Respublikasynyň dalaşgärligini goldamaga çagyrýan bilelikdäki ýüzlenmä gol çekdiler.
Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu barada Özbegistanyň BMG-däki hemişelik wekili Ulugbek Lapasow Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Media-merkezinde geçirilen brifinginde aýtdy.
Lapasowyň bellemegine görä, sebitiň liderleri Gyrgyzystanyň dalaşgärliginiň öňe sürülmegini Merkezi Aziýanyň ählumumy parahatçylyga we howpsuzlyga goşýan goşandyny berkitmekde möhüm ädim hökmünde görýärler. Yüzlenmede Gyrgyzystanyň arzasyny goldamakda bitewüligiň zerurlygy nygtalyp, sebitiň ählumumy çözgütleri kabul ediş işinde öz ornuny pugtalandyrmak islegi görkezilýär.
Gyrgyzystanyň hemişelik wekili Aida Kasymaliýewa Merkezi Aziýa döwletleriniň goldawyna minnetdarlyk bildirdi. Onuň aýtmagyna görä, sebitiň görkezen raýdaşlygy hyzmatdaşlyga hem-de parahatçylyga bolan umumy ygrarlylygy şöhlelendirýär. Eger-de Gyrgyzystan saýlansa, ol Howpsuzlyk Geňeşinde tutanýerli agza bolup, kiçi we ösüp gelýän döwletleriň sesleriniň dünýä derejesindäki gepleşiklerde eşidilmegini üpjün etmäge taýýardyr.
ORIENT
