6-njy dekabrda «Oguz han» köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, Hökümet agzalaryna, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň häkimlerine Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk senesi mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglandy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli Kararyny milli parlamentiň ýolbaşçysy Dünýägözel Gulmanowa okady. Resminamada döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny berkitmekde, halkara gatnaşyklarynda «Dialog ‒ parahatçylygyň kepili» taglymatyny baş ýörelge edinen ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny ösdürmekde uly şahsy goşandy nygtalýar.
Dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, şeýle diýdi: «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli gowşurylan sylagy – «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny halkymyza gowşurylan sylag hökmünde kabul edýärin».
Hormatly Prezidentimizden soňra Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri hem döwlet sylaglaryna mynasyp boldular.
Dabaranyň ahyrynda daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň adyndan we goranmak ministri Begenç Gündogdyýew hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy düzüminiň adyndan döwlet Baştutanymyzy ýokary döwlet sylagy hem-de hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy bilen gutladylar.
