Täjigistanyň paýtagty Duşenbede şäheriň Döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň başlangyjy bilen «QR-ýolbeledi» atly innowasion taslamanyň durmuşa ornaşdyrylmagy başlandy. Bu çözgüt «Sanly ykdysadyýetiň we innowasiýalaryň ösüş ýyllary – 2025–2030» maksatnamasynyň çäklerinde kabul edilip, şäheriň syýahatçylyk infrastrukturasynda möhüm özgertmeleri göz öňünde tutýar diýip, «Hovar» döwlet agentligi habar berýär.
Taslama paýtagtyň 45 sany esasy medeni we taryhy ýadygärlikleri barada ilata, myhmanlara hem-de daşary ýurtly syýahatçylara takyk we elýeterli maglumaty ýetirmegi üpjün eder. Bu başlangyç Duşenbeniň sanlylaşdyrma syýasatynyň we onuň syýahatçylyk kuwwatyny dünýä ýaýmak ugrundaky tagallalaryň dowamydyr.
Taslamanyň çäginde saýlanan desgalara QR-belgiler ýerleşdirilen ýörite mermer tagtalar gurnalmaga başlandy. Bütin tagtalaryň gurnalyşynyň tamamlanmagy 2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň ahyryna meýilleşdirilýär.
QR-belgini skanirlemek arkaly syýahatçylar gerekli tekst we ses maglumatlaryny özünde jemleýän Dushanbe Travel portalyna girip bilerler.
Taslamanyň ilkinji tapgyrynda maglumatlar üç dilde — täjik, rus we iňlis dillerinde — elýeterlidir. Indiki tapgyrda maglumatlaryň hytaý we arap dillerinde hem ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýär.
«QR-ýolbelediň» ornaşdyrylmagy sanly syýahatçylygyň ösüşine, baý taryhy-medeni mirasyň wagyz edilmegine hem-de şäherde syýahatçylyk-maglumat hyzmatlarynyň hiliniň ep-esli ýokarlanmagyna ýardam berýär.
ORIENT
