Hytaýyň DeepSeek atly startap kompaniýasy täze DeepSeekMath-V2 emeli aň modelini hödürledi. Bu model çylşyrymly matematika meseleleri çözmekde täsirli netijeleri görkezýär. Algoritm Halkara Matematika Olimpiadasynyň (IMO 2025) hem-de Hytaý Matematika Olimpiadasynyň (CMO 2024) altyn medal derejelerine deň gelýän mümkinçiliklere eýedir.
DeepSeekMath-V2 Putnam meselelerinde hem 120 utukdan 118 utuk toplady, bu bolsa iň gowy adam netijesi bolan 90 baldan ep-esli ýokarydyr. Bu üstünlik dil modelleriniň adaty ýagdaýda diňe adam zehinine degişli hasaplanýan çylşyrymly, abstrakt meseleleri çözmäge golaýlap barýandygyny görkezýär.
Öňki AI modelleri dogry jogaplary berip bilýärdi, ýöne köplenç dogry çözgüt ugruny görkezmeýärdi. DeepSeekMath-V2 bu meselä aýratyn barlaglaýjyly köp basgançakly çözgüt prosesi bilen çemeleşýär. Bu gurluş algoritme aşakdaky mümkinçilikleri berýär:
• Çözgüt basgançaklaryny hakyky wagt tertibinde barlamaga we kämilleşdirmäge;
• Daşarky programma üpjünçiligini (kalkulýatorlar ýa-da kod interpritatorlary ýaly) ulanmazdan öz netijelerini tankyt edip, kämilleşdirmäge.
Netijede, modeliň ýokary öndürijiligi onuň pikirlenmek ukybyna baglydyr. Has çylşyrymly meselelerde model köp sanly mümkin bolan subutnamalary döredip, barlap, soňky jogaba bolan ynam derejesini ýokarlandyrmak üçin hasaplaýyş kuwwatyny artdyrýar.
DeepSeek modeli OpenAI we Google DeepMind tarapyndan yglan edilen, ýöne heniz çykmadyk meňzeş modellere jogap hökmünde hödürlendi. DeepSeekMath-V2 hytaý startapynyň tehniki jikme-jikliklerini açyk görkezýändigi, bu babatda amerikan kompaniýalarynyň gizlinlik syýasaty bilen tapawutlanýandygy bellärlikdir. Bu açyklyk DeepSeek-iň pudagyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen deň derejede barýandygyny görkezýär.
ORIENT
Goşmaça okaň:
AI modelleri birža söwdasynda ýaryşýar: DeepSeek V3.1 GPT we Gemini-den öňe geçdi
DeepSeek we Grok kripto biržasynda GPT-5 we Gemini-den öňe geçip, +25% girdeji gazandy
