Google Nano Banana Pro atly kämilleşdirilen modeli hödürledi — bu iň täze emeli aň nusgasyny ulanýan, suratlary döretmek we redaktirlemek üçin niýetlenen ösen guraldyr. Bu enjam ideýalary ýokary takyklykly, jikme-jikliklere baý, studiýa hilli hakyky suratlara öwürýär.
Nano Banana Pro-nyň esasy aýratynlygy — soragyň kontekstini seljermek ukybydyr. Bu mümkinçilik ulgamda ornaşdyrylan bilimlere we Google gözleg ulgamyna girişe esaslanýar. Şonuň üçin model diňe bir çeper sahnalary däl, eýsem kontekst taýdan dogry infografikalary ýa-da çylşyrymly prosesleriň wizualizasiýalaryny (meselem, ädim-ädim boýunça görkezmeleri) hem döredip bilýär.
Nano Banana Pro öňki AI-modelleriniň kemçiliklerini netijeli aradan aýyrýar. Indi ol suratlaryň içinde teksti takyk we dogrylykda döredip biler (şrifti we stili bilen birlikde), bu bolsa mahabat we prezentasiýa maglumatlary üçin örän wajypdyr. Model çylşyrymly sahnalary ýeňillik bilen işläp bilýär, 14-e çenli elementleri birleşdirip, 5-e çenli keşpleriniň tanalmagyny saklap biler. Ulanyjylara 4K çözgütli ýokary hilli suratlar hem-de kamera burçy, fokus we yşyklandyryş ýaly wizual jikme-jiklikleri üýtgetmek mümkinçilikleri hödürlenýär.
Google-yň hyzmatlaryna, şol sanda Gemini programmasyna we döredijiler üçin niýetlenen gurallara integrirlenendir. Google bu tehnologiýanyň açyklygyny üpjün etdi: AI tarapyndan döredilen ähli suratlar olaryň emeli aň arkaly döredilendigini görkezýän sanly bellik bilen üpjün edilýär.
ORIENT
