Türkmenistanyň ýokary diplomatik mekdebi we bitaraplyk — intellektual konsepsiýa hökmünde

Parižde geçirilen «Türkmen-fransuz gatnaşyklary: häzirki zaman dünýäsinde kynçylyklar we mümkinçilikler» atly maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça başlangyçlary hödürledi.
Esasy teklip hökmünde ýaşyl energetika, suw serişdelerini dolandyrmak we diplomatik barlaglar boýunça öňdebaryjy fransuz uniwersitetleri — Pariž II Pantheon-Assas, Sorbonna, Syýasy ylymlar instituty (Sciences Po) bilen bilelikdäki magistratura we doktorantura maksatnamalaryny döretmek teklip edildi.
Bu teklip Türkmenistanyň strategiýasyndaky möhüm ugurlary açyp görkezýär: bitaraplyk diňe bir daşary syýasat taglymaty däl, eýsem innowasiýalara we ählumumy dialoga ýol açýan intellektual ýörelgedir.
Rektor Ýusupowa Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk derejesiniň diňe bir daşary syýasatynyň saýlawy däl-de, eýsem milli filosofiýanyň we milli özboluşlylygyň özenidigini belledi. Ol maslahatyň Fransiýada geçirilmeginiň taryhy taýdan möhüm ähmiýetini nygtap, bu ýurduň ynsanperwerlik we hukuk pikirleriniň ösmegine möhüm täsir ýetirendigini aýdyp geçdi.
Gülşat Ýusupowa esasy pikirini şeýle mälim etdi: «Parahatçylyk şertnamalara gol çekmekden başlamaýar, ol bilimden, özara hormat goýmakdan we düşünişmekden başlanýar».
«Eger diplomatiýa — döwletleriň dili bolsa, ylym — ösüşiň dilidir, terjime talap etmeýän umumy dildir» - diýip, ol belledi.

Şu nukdaýnazardan bitaraplyk dürli garaýyşlara hormat goýmak, deňagramlylyk we obýektiwlik ugrunda intellektual garaýyş hökmünde kabul edilýär. Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty bu prosesiň möhüm bölegi bolup, halklarara dialogy alyp barmaga, milli bähbitleri goramaga we halkara hyzmatdaşlygynyň köprülerini gurmaga ukyply täze nesil diplomatlary taýýarlaýar.
Fransiýa bilen akademiki hyzmatdaşlygyň başlangyjy 1994-njy ýylda, Prezident Fransua Mitteranyň ilkinji sapary wagtynda, dilleri okatmak boýunça hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyga gol çekilmegi bilen goýuldy. Häzirki wagtda fransuz dili Türkmenistanyň 20-den gowrak orta mekdebinde we öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde okadylýar, umumylykda 19 müň töweregi okuwçy bu dili öwrenýär.
Durnukly ösüş boýunça bilelikdäki ylmy taslamalara aýratyn üns berildi. Bu ugurlar Türkmenistanyň we Fransiýanyň umumy ileri tutýan ýörelgelerini özünde jemleýär: metan zyňyndylaryna gözegçilik etmek; wodorod tehnologiýalaryny öz içine almak bilen gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek; ekologiýa taýdan durnukly şäher meýilleşdirilişi we rejeli suw serişdelerini dolandyrmak.
Çykyşynyň ahyrynda rektor Ýusupowa hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça anyk tekliplerini beýan etdi:
Iki diplomly bilelikdäki maksatnamalar. Pariž II Pantheon-Assas, Sorbonna we Syýasy ylymlar instituty ýaly öňdebaryjy fransuz uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlykda halkara hukuk, ýaşyl energetika, suw serişdelerini dolandyrmak we diplomatik gözlegler boýunça HGI-niň magistratura we doktorantura maksatnamalaryny ýola goýmak.
Akademiki hereketliligi güýçlendirmek. Diplomatiýa we halkara gatnaşyklary boýunça her ýyl fransuz-türkmen tomusky mekdeplerini geçirmek, talyplar we mugallymlar üçin tejribe maksatnamalaryny giňeltmek.
Netijede, Türkmenistan bitaraplygy hyzmatdaşlyga çagyryş hökmünde kabul edip, akademiki giňişligi Aşgabadyň we Parižiň arasyndaky durnukly ynanyşmagy we berk hyzmatdaşlygy üpjün edýän intellektual platforma hökmünde öňe sürýär.
ORIENT
