“Elektronika dünýäsi” öý tehnikasynyň we elektronika harytlarynyň dükany möwsümleýin “Ýylyň arzanlaşyklary” atly aksiýanyň başlandygyny yglan etdi. Aksiýa 2025-nji ýylyň 21-nji noýabryndan 2026-njy ýylyň 4-nji ýanwaryna çenli dowam eder. Onuň çäklerinde müşderiler 10%-den 40%-e çenli arzanladyş bilen giň görnüşli tehnikalary satyn alyp bilerler.
Satuwda iri öý tehnikasy — sowadyjylar, kir ýuwujy enjamlar, gaz we elektrik plitalary, öý üçin ownuk tehnikalar — mikrotolkunly peçler, tozan sorujy enjamlar, ütükler, aşhana enjamlary, şeýle hem häzirki zaman telewizorlar we öý hem-de ofis üçin peýdaly gurallar bar.
“Elektronika dünýäsi” diňe dünýäniň tanalýan, ynamdar brendleri bilen hyzmatdaşlyk edýär. Olaryň arasynda HITACHI, BOSCH, SAMSUNG, TCL, DELONGHI, GORENJE, TEFAL we beýlekiler bar. Dükanyň ähli önümleri resmi kepilliklidir. Müşderiler tiz eltip bermek hyzmatyndan peýdalanyp bilerler. Munuň özi amatly ýagdaýda tehnikany satyn almagy üpjün edýär.
Dükan Aşgabat şäherinde, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 183-nji jaýynda ýerleşýär.
Goşmaça maglumat üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bolýar:
14-22-53; 14-22-52; (+99364)16-64-91 ýa-da dükanyň sosial ulgamlary arkaly.
“Tehnika Dünýasi” atly awtorizirlenen hyzmat merkezine şu belgiler arkaly ýüzlenip bolýar: 14-22-54, 14-22-55.
ORIENT
