Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň (TDEI) wekiliýeti durnukly energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen Malaýziýanyň öňdebaryjy uniwersiteti — Universiti Tenaga Nasional (UNITEN) bilen gatnaşyklary berkitmek üçin iş saparyny amala aşyrdy.
Saparyň esasy wakasy UNITEN-iň Işewürlik mekdebi tarapyndan gurnalan IEBMC-2025 ylmy maslahatynyň alnyp barylmagyna TDEI-niň mugallymlarynyň bilelikdäki guramaçylykly gatnaşmagydyr. Maslahat “Emeli aň esasynda döredilýän durnukly işewürligiň ösüş strategiýasy: innowasiýalaryň ählumumy maksatlar bilen utgaşdyrylmagy” atly häzirki döwrüň möhüm temasyna bagyşlanyldy.
Forum alymlary we hünärmenleri BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlaryna (SDG) ýetmekde emeli aň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere jemledi.
TDEI-niň wekiliýeti diňe bir öz goşandyny goşman, eýsem-de halkara tejribe toplamaga-da mümkinçilik aldy. Mugallymlar dürli ugurlary özünde jemleýän nutuklary bilen çykyş etdiler:
• Oguljan Akmyradowa (Diller kafedrasy) energetika hünärmenleriniň taýýarlygynda möhüm bolup durýan aragatnaşyk başarnyklaryny ösdürmegiň we sanly gurallary netijeli ulanmagyň usullaryny onlaýn görnüşde beýan etdi.
• Aýna Nurmyradowa (Diller kafedrasy) ekologiýa taýdan arassa (“ýaşyl”) işewür strategiýalaryny, şol sanda ekologiýa gözegçiliginde we uglerod yzy azaltmakda AI-tehnologiýalaryň orny baradaky çykyşyny hödürledi.
Masahata gatnaşyjylar Scopus binýadyna girýän Journal of Advanced Research Design ýaly abraýly ylmy žurnallarda öz işlerini neşir etmek mümkinçiliklerini hem aldylar. Bu bolsa ählumumy dünýäde bilimleriň ýaýradylmagyna ýardam edýär.
Saparyň dowamynda TDEI we UNITEN ýolbaşçylary iki ýokary okuw mekdebiň arasynda baglaşylan özara düşünişmek hakynda Ähtnamany (MoU) durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar aşakdaky başlangyçlar boýunça ylalaşdylar: talyp we mugallym alyş-çalşygy, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, energetika boýunça bilelikdäki ylmy-barlag we taslama işleri.
Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň we Malaýziýanyň energetika ulgamynda innowasiýalary ösdürmäge hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga ygrarlydygyny görkezýär.
ORIENT
