«Bitaraplyk we ynsanperwerlik: inklýuziw geljek ugrunda giň goldaw»
Gadyrly dostlar!
Biz Sizi «Bitaraplyk we ynsanperwerlik: inklýuziw geljek ugrunda giň goldaw» atly Bütindünýä Çaga gününe bagyşlanan baýramçylyk çäresine gatnaşmaga çagyrýarys.
Biziň çärämiziň maksady — maýyplygy bolan çagalara berilýän köpugurly goldawyň nähili derejede giň we möhüm bolup durýandygyny görkezmekdir. Bu meselede her bir maglumat we hyzmat möhüm: bilim, saglyk, durmuş taýdan gorag, dikeldiş, sport hem-de jemgyýetiň goldawy. Diňe bularyň ählisi birlikde, her bir çaganyň kabul edilýän we goldanylýan jemgyýetini emele getirýär.
Sene: 22-nji noýabr
Geçirilýän ýeri: Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda
Wagty: 09:00–12:00
Giriş erkin
Baýramçylyk çäresinde size şular garaşýar:
• Tematiki zolaklar — bu ýerde myhmanlar maýyplygy bolan çagalara toplumlaýyn kömegiň (bilim, saglyk, durmuş goragy, dikeldiş) nähili amala aşyrylýandygyny görüp bilerler we bilermenlere sorag berip bilerler.
• Inklýuziw tennis boýunça ussatlyk sapaklary — maýyplygy bolan we bolmadyk çagalar bilelikde oýnap bilerler.
Biz maşgalalary, çagalary, hünärmenleri, talyplary, mugallymlary, hyzmatdaşlary we inklýuziw hem-de hoşniýetli jemgyýete ynanýan ähli adamlary görmäge şat bolarys.
Geliň, her bir çaganyň goldaw, hormat we mähir duýup bilýän geljegini bilelikde döredeliň.
Bütindünýä Çaga gününde duşuşýançak!
