Samsung

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Afişa
Biz barada
Habarlaşmak üçin

S7 Aşgabatdan Nowosibirske gatnawlary açmagy meýilleşdirýär

19.11.2025|21:15|
375
s7-asgabatdan-nowosibirske-gatnawlary-acmagy-meyillesdiryar
Surat çeşmesi: orient.tm

S7 rus awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň ýazynda Aşgabat – Nowosibirsk ugry boýunça howa gatnawlaryny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada žurnalistlere S7-niň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky baş wekili Ýewgeniý Çernyşew habar berdi.

"Biz 2026-njy ýylyň baharyndan Aşgabatdan Nowosibirske uçar gatnawyny açarys diýip umyt edýäris. Häzir bu ugur boýunça işler güýçli depginde alnyp barylýar. S7 Merkezi Aziýada ugurlary örän işjeň ösdürýär, biz Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlaryna uçýarys" - diýip, ol TASS habar agentliginiň soragyna jogap berip, "Turkmentel-2025" hem-de "Halkara ulag-üstaşyr geçelgeler: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025" halkara sergileriniň çäklerinde aýtdy.

Çernyşewiň bellemegine görä, S7 2008-nji ýylda Moskwa – Aşgabat ugry boýunça gatnawlary başlapdyr, häzirki wagtda olar her gün ýerine ýetirilýär. Onuň öň aýtmagyna görä, Nowosibirsk Aşgabada täze ugry hökmünde saýlanyp alnan, sebäbi bu şäherde S7-niň iň uly transfer merkezi ýerleşýär we ol ýerden awiakompaniýa ýurduň dürli künjeklerine uçar gatnawlaryny ýerine ýetirýär.

ORIENT

S7 Aşgabatdan Nowosibirske gatnawlary açmagy meýilleşdirýär