Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça gepleşikler geçirildi. Özbegistanyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow türkmen tarapynyň wekilleri — energetika ministri Annageldi Saparow we «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew bilen duşuşdy diýip, UzDaily.uz habar berýär.
Duşuşyga iki ýurduň ýangyç-energetika ulgamyndaky kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem gatnaşdylar. Taraplar döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň şahsy başlangyçlarynyň netijesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli we netijeli ösdürilýändigini tassykladylar.
Gepleşiklere gatnaşyjylar Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII Konsultatiw duşuşygynda we Daşkentde geçirilen türkmen-özbek ýokary derejeli gepleşiklerinde gazanylan ylalaşyklarynyň amala aşyrylmagyna üns berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren teklibine laýyklykda, energetika hyzmatdaşlygy diňe turbageçiriji taslamalar bilen çäklenmän, merkezi üns geljekde Merkezi Aziýanyň durnuklylygynyň binýady bolup durjak elektrik energetikasy ulgamyna gönükdirildi.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar türkmen elektrik energiýasynyň Özbegistana iberilişini we üstaşyr gecirilmegini mundan beýläk-de giňeltmek, şeýle hem ýangyç-energetika toplumynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistan sebitde elektrik energiýasynyň önümçiligi we üpjünçiligi boýunça kuwwatly ulgam döretmek boýunça anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady. Bu ädimleriň maksady — tutuş energetika üpjünçilik ulgamynyň durnuklylygyny üpjün edýän ygtybarly maddy binýady döretmekdir.
Duşuşyga gatnaşyjylar ýangyç-energetika ulgamynda özara bähbitli we konstruktiw hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça wezipeleri bilelikde amala aşyrmak, şeýle hem iki ýurduň ýolbaşçylary tarapyndan ylalaşylan başlangyçlary netijeli ýerine ýetirmek barada ylalaşdylar.
ORIENT
