10–14-nji noýabr aralygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Beýik Britaniýanyň Nottingem Trent uniwersitetiniň professorlary Martin Sewiýor we Sara Han iş saparynda boldular. Sapar Merkezi Aziýada iňlis dilini okatmagy ösdürmäge gönükdirilen Britan geňeşiniň maksatnamasynyň çäklerinde guraldy.
Saparyň maksady institutyň mugallymlaryna hem-de Aşgabatdaky mekdeplerde işleýän iňlis dili mugallymlaryna usulyýet taýdan goldaw bermekden we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.
Esasy çäreler we temalar:
• Seminar-türgenleşik: Institutyň mugallymlary üçin iňlis dilini okatmagyň işjeň usullary we esasy pedagogiki ýörelgeleri boýunça ýörite seminar geçirildi.
• Talyp üçin ussatlyk sapaklar: Myhmanlar institutyň gutardyş ýyl talyplary bilen duşuşyk geçirip, okamagy we ýazmagy öwretmegiň täsirli usullaryny görkezdi.
• Inkliuziw bilim: Okuw prosesine inkýuziw bilimiň giriziliş ýollaryna aýratyn üns berildi. Professorlar okuw materiallaryny taýýarlamak boýunça tejribeleri bilen paýlaşdylar we mekdep okuwçylary bilen işlemek üçin maslahatlar berdiler.
Nottingem Trent uniwersitetiniň professorlary institutyň uçurymlarynyň işleýän Aşgabatdaky ýöriteleşdirilen orta mekdeplere-de baryp gördüler. Bu saparlaryň dowamynda sapaklarda inkýuziw okuwlaryň gönüden-göni ornaşdyrylmagy boýunça usulyýet maslahatlary berildi.
Iş sapary ýokary derejede amaly häsiýete eýe bolup, Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmekde möhüm goldaw boldy.
ORIENT
