“Toyota”-nyň Turkmenistandaky resmi dileri “Beýik Ýüpek Ýoly”, resmi distribýutory “Toyota Central Asia” bilen bilelikde awtoulaglaryň gyşdan öňki mugt barlaglaryny hödürleýän möwsümleýin aksiýany yglan edýär.
Çäräniň çäginde her bir müşderi 450 manatlyk bir gezeklik sowgat çekini alar we ony soňraky hyzmat merkezine baryp ulanyp bolar.
Aksiýa gyş möwsüminde awtoulaglaryň howpsuzlygyny we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir we aşakdaky esasy parametrleriň mugt diagnostikasyny öz içine alýar:
kondisioner we ýyladyş ulgamy;
akkumulýator;
aýna süpürgiçleri;
sowadyş ulgamy;
tormoz ulgamy;
motor ýagy;
tekerleriň ýagdaýy;
yşyklandyryş ulgamy;
howa süzgüji;
hereketlendiriji kemerleri.
Sowgat çeki 2025-nji ýylyň 1-nji dekabryndan 2026-njy ýylyň 31-nji maýyna çenli güýjünde. Kompaniýa awtoulaglaryň wagtynda toplumlaýyn barlagynyň howpsuzlygy, ýolda ynamy we awtoulagyň ömrüniň uzaldylmagyny kepillendirýändigini belleýär.
Diagnostiki barlagy belläp geçmek ýa-da goşmaça maglumat almak üçin müşderiler şu salgy boýunça habarlaşyp bilerler:
Hoja Ahmet Ýasawy köçesi, 39. +993 (12) 76 10 42
Tahran k., “Aşgabat” söwda merkezi. +993 (65) 81 65 35
ORIENT
