“Kuksaroý” rezidensiýasynda ýokary derejeli netijeli gepleşikler tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin beýanat bilen çykyş etdiler.
Özbegistanyň Baştutany Türkmenistanyň Baştutanynyň häzirki taryhy döwlet saparynyň iki doganlyk ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy diňe bir berkitmän, eýsem ony düýbünden täze belentliklere çykarjakdygyna çuňňur ynam bildirdi.
Gepleşikleriň dowamynda ähli esasy ugurlar boýunça bilelikdäki işleriň aňyk meýilnamasy kesgitlendi: syýasy, söwda-ykdysady, ulag, suw-energetika we medeni-ynsanperwer ugurlary.
Söwda, ykdysady we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek esasy ösüş ugry hökmünde kesgitlenildi. Özara üpjünçiligiň artdyrmagyň hasabyna soňky ýyllarda iki esse golaý artan (1 milliard dollardan gowrak) söwda dolanyşygyny 2 milliard dollara ýetirmek boýunýça öňde maksat goýuldy. Bu babatda bilelikde işe girizilen “Şawat-Daşoguz” serhetýaka söwda zolagyna aýratyn orun degişlidir.

Bu maksatlara ýetmek üçin iki ýurduň hökümetlerine awtomobil, demir ýol we deňiz ulaglaryny ösdürmek, şeýle hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny bilelikde ulanmak boýunça anyk teklipleri işläp düzmek tabşyryldy.
Energetika meselelerine aýratyn üns berildi: elektroenergiýasyny ibermekde we üstaşyr geçirmekde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, şeýle hem iki ýurtda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek baradaky borçnama tassyklanyldy. Taraplar şeýle hem daşky gurşawy goramak we suwuň rejeli ulanylmagy babatda hyzmatdaşlygy ösdürerler.
Döwlet Baştutanlary sebitara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda uly öňegidişlikleriň gazanylandygyny bellediler. Bulardan başga-da Buharada we Türkemabatda üstünlikli geçirilen Sebitleriň forumlary şeýle hem ýakyn wagtda ýurduň ähli sebitleriniň gatnaşmagynda Hywada üçünji forum geçiriljekdigi barada aýdyldy.
Ürgençde we Daşkentde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilmegi mundan beýläk-de ynsanperwer ýakynlaşmanyň biýadyny goýandygy nygtaldy. Konsertleri, teatrlara gastrollary, ýaşlar forumlaryny yzygiderli geçirmek we saglygy goraýyş ulgamynda amaly hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Çykyşyň ahyrynda, Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşyklarynyň çäklerinde sebitleýin hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda uly öňegidişlikleriň gazanylandygy bellenildi. Liderler Daşkentde geçirilen ýedinji duşuşygyň netijeleriniň integrasiýa amalaryna goşant goşjakdygyna we sebitde agzybirligi pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdiler, bu bolsa Türkmenistanyň döredijilikli syýasatyna doly laýyk gelýär.
Iki tarap hem doganlyk ýurtlarynyň ösüşiniň we gülläp ösmeginiň hatyrasyna hyzmatdaşlygy depginli ösdürmäge we uly üstünliklere ýetmäge özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.
ORIENT
