11-nji noýabrda, beýik rus ýazyjysy Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiniň doglan gününde, Aşgabatdaky “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda onuň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi.
Dostoýewskiniň ýadygärligi geçen ýylyň maý aýynda toplumyň içinde ýerleşýän meşhur ýazyjylaryň seýilgähi açyldy. Dabara başlanylmazdan ozal Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin bu ýeriň simwoliki häsiýetini nygtady. Diplomat bu ýerde ýerleşdirilen ýadygärlikleriň toplumyň adyny göterýän türkmen şahyry we akyldary tarapyndan öňe sürlen dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini özünde jemleýändigini belledi. Ilçi şeýle bir deňeşdirme geçirip, türkmen filosofy we şahyry Magtymguly Pyragynyň garaýyşlarynyň hut Dostoýewskiniň şygarlarynyň biri bilen utgaşýandygyny aýtdy: “Gözellik dünýäni halas eder” bu bolsa, ilkinji nobatda, içki ruhy gözellige degişlidir, onuň ýaşaýyşa berýän güýji adamzady üýtgedip biler.

Iwan Wolynkin ýazyjynyň ýadygärligini ebedileşdirmek baradaky karary üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna minnetdarlyk bildirdi. “Türkmen dostlarymyzyň bu ýerde Fýodor Mihaýlowiçe ýadygärlik gurmak baradaky karary rus edebiýatynyň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandyny ykrar edýändigini görkezýär” – diýip, ilçi sözüniň üstüni ýetirdi.
Şeýle hem ilçi Fýodor Dostoýewskiniň eserleriniň 177 dile terjime edilendigini we diňe Russiýada onuň kitaplarynyň tiražynyň 4,5 million nusgadan geçendigini, bu görkezijiniň barha artýandygyny belledi.

Dabara Russiýanyň ilçisi bilen bir hatarda, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Pakistanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Günorta Koreýanyň we beýleki ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Dabaradan öň, A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň okuwçylary teatrlaşdyrylan çykyş edip, Dostoýewskiniň “Jenaýat we jeza” we "Akmak" ýaly meşhur eserlerinden bölekleri, şeýle hem onuň döwürdeşleriniň ýatlamalaryny okadylar.

“Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumy Aşgabadyň günorta böleginde, Köpetdagyň eteginde, türkmen şahyrynyň we filosofynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp açyldy. Toplumda dünýäniň dürli künjeginden meşhur ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň ýadygärlikleriniň 24-i, şol sanda Onore de Balzagyň, Iogann Gýoteniň, Rabindranat Tagoryň, Wilýam Şekspiriň, Dante Aligýeriniň we beýlekileriňki otyrdyldy.
ORIENT
