Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa 6-njy noýabrda, penşenbe güni Ýewropa Daşary aragatnaşyk gullugynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça baş direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskene bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirilen «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» ministrler derejesindäki duşuşygynyň netijeleri jemlendi.
Duşuşykda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň halkara hyzmatdaşlykda möhüm sütünleriň biri bolup durýandygy aýratyn bellenildi.

Şu nukdaýnazardan taraplar şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara forumyna taýýarlyk meselesini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem «Türkmenistan – ÝB» ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Komitetiniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işlerine seredildi. Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrundaky ygrarlylygy tassyklanyldy.
Diplomatlar bilim, ekologiýa we ulag ýaly möhüm ugurlarda geljekki bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek we özara gatnaşygy pugtalandyrmak bolan gyzyklanma bildirdiler.
ORIENT
