Tebigy gaz gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri hasaplanýan Türkmenistan uglerod bitaraplygyna we eksport ugurlarynyň diwersifikasiýasyna gönükdirilen strategiasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Bu strategiýa Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde ammiak we karbamid dökünleriniň önümçiligi boýunça iri toplumynyň gurluşygynyň başlanmagy bilen nobatdaky subutnamasyny aldy.
Taslamanyň esasy tehnologiki we ekologiýa aýratynlygy hökmünde CO₂ zyňyndylaryny saklamak boýunça ýöriteleşdirilen desganyň integrirlenmegi bolar. Munuň özi Türkmenistanyň «ýaşyl» senagat ösüşiniň wezipelerine laýyk gelýär.
Täze toplumda Mitsubishi Heavy Industries, Ltd. (MHI) tarapyndan Kansai Electric Power Co., Inc. kompaniýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlan «Advanced KM CDR Process™» atly patentlenen tehnologiýa arkaly kömürturşy gazyny saklamak boýunça enjamlar ýerleşdiriler.
Bu tehnologiýanyň ulanmagy kärhananyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de daşky gurşawa täsiri ep-esli azaltmaga mümkinçilik berer. Munuň özi Türkmenistanyň durnukly jemgyýeti gurmaga we halkara ekologiýa borçnamalaryny ýerine ýetirmäge goşýan göni goşandydyr.
MHI kompaniýasynyň sebitde üstünlikli tejribesi hem-de saýlanyp alnan tehnologiýa oňyn baha berilmegi şertnamanyň bağlaşylmagynda möhüm orun tutdy.
Taslama, enjamlary satyn almak we gurluşyk işlerini öz içine alýan şertnama «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen MHI ýolbaşçylygyndaky konsorsium arasynda, Türkiýeli hyzmatdaşlarynyň we Mitsubishi Corporation kompaniýasynyň gatnaşmagynda baglaşyldy. Taslama Türkmenistanyň milli strategiýasynyň esasy maksadyna laýyk gelýär: baý tebigy serişdelerden peýdalanyp, ýokary goşmaça gymmatly önümleri öndürmek.
Desganyň düýbüni tutmak dabarasy 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi. 2030-njy ýylda ulanyşa girizilmegi meýilleşdirilen zawodyň bir gije-gündiz öndürijilik kuwwaty 2000 metrik tonna ammiak hem-de 3500 metrik tonna karbamid bolar.
Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän zawod sebitiň ýurdumyzyň ulag-logistika we eksport ulgamyndaky ornuny has-da güýçlendirer. Taslama binýatlyk we işçi taslamasyny taýýarlamagy, enjamlary satyn almagy, gurluşyk işlerini hem-de zawody ulanyşa girizmegi öz içine alýar. Ýerine ýetirilmeli işleriň möçberi degişli inženerçilik ulgamlary we meýdançadan daşarky desaglary bolan ammiak we karbamid dökünlerini öndürýän zawoddan başga-da gämi duralgalary we önümleri ibermek üçin niýetlenen desaglar ýaly kömekçi infrastrukturany hem öz içine alýar.
Ýurdumyzyň iň iri ammiak we karbamid zawody bolan bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkmenistan üçin iki esse strategik ähmiýete eýe bolar.
Öndüriljek dökünler ýurdumyzyň ykdysady ösüşine uly goşant goşar we halkara bazarynda onuň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrar, eksport önümleriniň diwersifikasiýasyny üpjün eder. Iri gazhimiýa kärhanasynyň CO₂ enjamy bilen enjamlaşdyrylmagy, ekologiýa ugurlary we innowasion döwrebaplaşdyrma Türkmenistanyň senagat ösüşinde örän möhüm ileri tutulýan ugurlar bolup durýandygyny görkezýär we durnukly ösüşiň global gün tertibine doly laýyk gelýär.
Bu taslama, 2018-nji ýylda Garabogazdaky zawod işe girizileninden soň MHI bilen üstünlikli hyzmatdaşlygy dowam etdirýär we halkara hyzmatdaşlaryň Türkmenistanyň maýa goýum çekijiligine hem-de strategik garaýyşlaryna bolan ynamyny tassyklaýar.
ORIENT
