
ABŞ iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi: Kongresiň Wekiller palatasynyň Daşary işler boýunça komitetiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kiçi komitetiniň başlygy Bill Hýuzenga hem-de onuň orunbasary Sidni Kaý Kamlager-Daw.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň ABŞ bilen syýasy, ykdysady, ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Kongres bilen özara hyzmatdaşlyga ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugry hökmünde tassyklanyldy. Taraplar kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak hem-de sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin kanun çykaryjy edaralaryň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar.
Serdar Berdimuhamedow “C5+1” formatyny howpsuzlyk, ykdysadyýet, howa we energetika meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança hökmünde ýokary baha berdi. Syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm görkezijisi hökmünde türkmen wekiliýetiniň ABŞ saparynyň, şol sanda işewürlik forumynyň ähmiýeti bellenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow şeýle hem “Nicklaus Сompanies” kompaniýasynyň Baş direktory Jon Riz bilen duşuşyk geçirdi. Döwlet Baştutany “Nicklaus Сompanies” kompaniýasynyň golf infrastrukturasyny taslamalaşdyrmak we ösdürmek ulgamynda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini aýtdy. Aşgabatda gurlan we halkara standartlara laýyk gelýän döwrebap golf klubunyň taslamasy özara hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysaly hökmünde görkezildi.

Işewür öz gezeginde Türkmenistanda döredilen ösen sport infrastrukturasyna ýokary baha berip, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň ilçisi hökmünde sporty işjeň ilerledýändigini belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň maýa goýumlar üçin amatly şertleri döretmäge uly ähmiýet berýändigine ünsi çekip, türkmen tarapynyň kompaniýanyň täze taslamalaryna we tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.
ORIENT