
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki “Merkezi Aziýa-ABŞ” sammitine (“C5+1”) gatnaşdy we Ak Tamda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.
Merkezi Aziýanyň bäş ýurtlarynyň Liderleri bilen ABŞ-nyň Prezidentiniň arasyndaky duşuşyk iş başyndaky agşamlyk naharynyň başynda geçirildi, ondan öň Owal kabinetinde birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Giriş sözünde Prezident Donald Tramp sebitiň strategik ähmiýetine ýokary baha berdi. “Biz ykdysady hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrýarys, howpsuzlyk hyzmatdaşlygymyzy gowulandyrýarys we umumy gatnaşyklarymyzy giňeldýäris” – diýip, D.Tramp aýtdy.

Ol Merkezi Aziýanyň ähmiýetini nygtap, onuň taryhy ornuny belledi: “Bu döwletler bir wagtlar Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolupdyr... Häzirki wagtda olaryň Ýewraziýanyň merkezinde ýerleşmegi olara aýratyn ähmiýet we ägirt uly mümkinçilikler berýär”.
D.Tramp, esasan hem, örän möhüm peýdaly minerallary gün tertibiniň esasy bendi hökmünde belläp, ABŞ-nyň dünýäniň dürli künjeklerindäki hyzmatdaşlary bilen üpjünçilik zynjyrlaryny giňeltmek arkaly ykdysady howpsuzlygy berkitmek ugrundaky maksatlaryny tassyklady.
Prezident Tramp öz administrasiýasynyň sebite üns bermedik öňki administrasiýalaryň “ýalňyşlygyny” düzedýändigine ynam bildirdi:
“Men Amerikanyň bu ýurtlaryň her biri bilen hyzmatdaşlygyny öňküden has pugtalandyrmagy maksat edinýärin... Bu dünýädäki iň möhüm sebitleriň biri – köpler muňa düşünmeýär”.

Türkmenistanyň Prezidenti çakylyk üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi we “C5+1” formatynyň oňyn netijelerini nygtady:
“Biz bu formatyň döredileninden bäri gazanylan oňyn netijeleri görýäris we howpsuzlyk, ykdysadyýet, energetika we daşky gurşawy goramak ýaly strategik taýdan möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeldýäris”
Türkmenistanyň Baştutany sammitiň netijeleriniň sebitiň ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýläk-de giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

ORIENT