
Ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň üstünlikleri, täsirli çykyşlar, bilermenleriň geňeşmeleri we giň işewürlik mümkinçilikleri ýokary derejeli forumda birleşdiriler.
12–14-nji noýabr aralygynda Türkmenistanda «Türkmentel–2025» atly Halkara sergisi we ylmy maslahaty hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş – 2025» atly Halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Ilkinji gezek iki iri forumyň bir meýdançada birleşdirilen halkara sergisi we ylmy maslahaty gatnaşyjylara sanly we innowasiýaly ykdysadyýeti ösdürmek, ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny, “akylly” şäherleri, netijeli önümçilikleri has-da kämilleşdirmek boýunça tejribe we pikir alyşmaga mümkinçilik berer.
Sebitiň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamyndaky bu möhüm çärä Türkmenistan, Russiýa, ABŞ, Kanada, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Şweýsariýa, Şwesiýa, Belgiýa, Monako, Lýuksemburg, Fransiýa, Finlýandiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Ýaponiýa, Hytaý, Singapur, Kipr, Estoniýa, Belarussiýa, Ukraina, Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Owganystan ýaly ýurtlaryň döwlet edaralarynyň, iri halkara guramalarynyň, düzümleriniň, kompaniýalarynyň wekilleri, alymlary, bilermenleri hem-de Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň işewürleri gatnaşarlar.
Şol sanda, «Halkara Elektroaragatnaşyk bileleşigi» (ITU), «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygy» (PCC) ýaly abraýly halkara guramalary, şeýle hem «IBM», «D8 Corporation», «Juniper Networks», «Nokia», «Huawei», «Thales», «Eastwind», «Mitel Networks (Bulgaria) Ltd», «Promark Dijital Tehnolojilaer Ltd», «Mitsubishi Corporation», «SSI Monaco», «BHS Telecom», «China Academy of Space Technology (CAST)», «Turksat», «Nextremum», «Alstom», «JandeNul NV Belgium», «SDC Kazakhstan LLP» ýaly dünýäniň kommunikasiýa ulgamynda möhüm orun eýeleýän kompaniýalary gatnaşarlar.
Forumda ylym, tehnika, Emeli aň, «Big Data», blokçein, kiberhowpsuzlyk ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlyklary giňeltmäge hem-de bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga ähmiýet beriler.
Şeýle hem, forumyň çäklerinde, Beýik Britaniýanyň «Dialogue Events Ltd» kompaniýasynyň guramagynda «Maliýe tehnologiýalarynyň Türkmenistanyň sanly ösüşindäki orny (Fintech forum)» atly forumy, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan guralýan «Halkara Startup forum Türkmenistan 2025» forumy hem-de Halkara Elektroaragatnaşyk Bileleşiginiň (ITU) «Döwlet dolandyryşynyň sanly özgertmesi: sanly registrlerden emeli aňyň ornaşdyrylmagyna çenli» atly okuw maslahaty geçiriler.
Türkmenistanda sanly tehnologiýalary ösdürmäge gönükdirilen «Sanly çözgüt-2025» innowasion taslamalar bäsleşigi IT tehnologiýalary ösdürmek, emeli aňy has-da kämilleşdirmek we robototehnika ýaly ugurlarda täze pikirlere ýüzlenmek üçin giň mümkinçilikler açýar.
Bu ýyl hem ýaş alymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşik emeli aň; robototehnika we awtomatizasiýa; «akylly» oba hojalyk tehnologiýalary; akylly şäher; sanly lukmançylyk; elektron bilim; hyzmatlar ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy ýaly ugurlary öz içine alýar.
«Türkmentel–2025» atly halkara sergisi we ylmy maslahatynyň çäklerinde «Sanly çözgüt–2025» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem geçiriler.
Şol bir wagtyň özünde, forumda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini artdyrylmak, täze logistiki çözgütleri döretmek hem-de ulag-logistika düzümleriniň ornuny we netijeliligini pugtalandyrmak ýaly ugurlar ileri tutulýanlaryň hatarynda öňe sürüler.
Sebitde ulag-aragatnaşyk gatnaşyklarynyň netijeli ösdürilmegine amatly şertleri döretmek ugrunda hemişe oňyn başlangyçlary öňe sürýän we olary üstünlikli durmuşa geçirýän ýurdumyz halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgeleriniň möhüm halkasy hökmünde öz ornuny ynamly we yzygiderli pugtalandyrýar.
Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin açyk halkara meýdançasy hökmünde «Türkmentel-2025» halkara sergisi we ylmy maslahaty innowasiýa we ýokary tehnologiýalar babatda tejribe we täze pikirler alyşmaga mümkinçilik berer.
ORIENT