“ADIPEC-2025” sergisine gatnaşýan türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, “Türkmennebit” DK-niň başlygy Guwanç Agajanow BAE-niň Senagat we ösen tehnologiýalar ministri, “ADNOC” kompaniýasy toparynyň Ýerine ýetiriji direktory we Baş direktory, doktor Sultan Al Jaber bilen duşuşyk geçirdi.
G.Agajanow türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň depginli ösüşini nygtady we ýakynda “Türkmennebit” DK bilen “ADNOC”-yň arasynda gol çekilen hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygynyň möhümdigini aýratyn belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, maýa goýum mümkinçilikleri we tehnologik innowasiýalar barada pikir alyşdylar. Doktor Al Jaber Türkmenistanyň konstruktiw çemeleşmesine we gazanylan hyzmatdaşlyk derejesine ýokary baha berdi hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini tassyklady.

ORIENT
