Abu-Dabi şäherindäki “ADIPEC-2025” serginiň çäginde “Türkmennebit” Döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti “Dragon Oil” kompaniýasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň bilen “Dragon Oil” kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 25 ýyllygyna bagyşlanan maglumatlaryň giňden ýaýbaňlandyrylan kompaniýanyň pawilýonynda G.Agajanow “ENOC” we “Dragon Oil” kompaniýalarynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Said Al Taýer bilen duşuşdy. Taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki taslamalaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra “Dragon Oil” kompaniýasynyň baş direktory Abdulkarim Al Maazmi bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar Hazar deňziniň türkmen böleginde häzirki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkin bolan ugurlaryna seretdiler. Iki tarap hem energetika pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
ORIENT
