
Türkmenistan ýakynda bolup geçen ýertitreme zerarly ejir çeken doganlyk Owganystanyň halkyna uly mukdarda ynsanperwerlik kömegi ugratdy.
Ynsanperwer kömegini ibermek baradaky çözgüt türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren tabşyrygyndan ugur alnyp kabul edildi.
Kömegi ugratmak baradaky başlangyç Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisinde beýän edildi. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory Oguljahan Atabaýewa ýaňy-ýakynda goňşy ýurt Owganystanda bolan heläkçilikli ýertitreme baradaky habaryň ýurtda çuňňur gynanç bilen kabul edilendigini, doganlyk halkyna, hususan-da, ejir çeken çagalara ynsanperwerlik kömegini ugratmaga rugsat bermegini türkmen halkynyň Milli Liderinden haýyş etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu başlangyjy makullap, degişli ýolbaşçylara bu işleri guramak barada görkezmeleri berdi.
Ynsanperwer kömegiň düzümi derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma we azyk önümlerinden ybaratdyr.
Türkmenistanyň DIM-niň habaryna görä, ynsanperwer maksatly çärä Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Owganystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işler wagtlaýyn ynanylan wekili, hormatly ýaşulular, käbir ministrlikleriň weklilleri gatnaşdylar.
Weýrançylygyň dikeldilýän döwründe şeýle kömegi ibermek Türkmenistanyň ynsanperwer taglymlaryň dabaralandyrylmagyna ygrarlydygynyň şeýle hem onuň sebitde durnuklylygy we ählumumy derejede parahatçylygy berkitmek isleginiň aýdyň subutnamasydyr.
ORIENT