Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda geçiriljek nemes dili boýunça Goethe-Institutynyň synaglary barada habar berýär. Synaglar nemes dilini bilmek derejesini tassyklaýan halkara şahadatnamalaryny (A1, A2, B1, B2 we C1) almak üçin niýetlenendir.
Habar berlişine görä, gatnaşmak üçin hasaba alynyşyk 2025-nji ýylyň 7-11-nji noýabry aralygynda Gazagystandaky Goethe-Institutynyň resmi web sahypasynda amala aşyrylýar. Hasaba alnandan soň, gatnaşyjylara töleg geçirmek üçin hasap goýberiler we ony 48 sagadyň dowamynda bank üsti bilen tölemeli bolar.
Synaglar aşakdaky senelerde geçirilýär:
A1 — 21 we 22-nji noýabr;
A2 — 23, 26 we 27-nji noýabr;
B1 — 24 we 25-nji noýabr;
B1 Jugendliche ( ýetginjekler üçin) — 28-nji noýabr;
B2 — 26 we 27-nji noýabr;
C1 — 28-nji noýabr.
Gatnaşygy kepillendirmek üçin öňünden hasaba durmak maslahat berilýär. Hasaba durmak we talaplar baradaky giňişleýin maglumat Goethe-Institutynyň web sahypasynda elýeterlidir.
ORIENT
