
BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň 2024-nji ýylyň jemleri boýunça maglumatlaryna laýyklykda, dünýäde syýahatçylyk üçin dördünji uly bazar bolan Türkiýe Respublikasy syýahatçylyk pudagyndaky 9 aýyň netijelerini yglan etdi. Stambul şäherinde geçirilen metbugat maslahatynda ýurduň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý 2025-nji ýylyň üç çärýeginiň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň 50 million halkara syýahatçyny kabul edendigini yglan etdi. Şol döwürde Türkiýäniň syýahatçylyk pudagynyň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 1,6% göterim ýokarlandy. Mundan başga-da, ilkinji 9 aýda syýahatçylykdan alnan girdejiniň 50 milliard ABŞ dollaryna ýetendigi, ýagny geçen ýylyň görkezijisinden 5,7% göterim ýokarlanandygy habar berildi.
Beýan edilen maglumatlara görä, 50 million jahankeşde ýurtda ortaça 10,3 gije galyp, bir günüň dowamynda adam başyna ortaça 103 ABŞ dollaryny harçladylar, bu bolsa öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 7% göterim ösüşi görkezýär.
Agzalan metbugat maslahatynda ministr Ersoý şeýle diýdi: «2025-nji ýylyň ilkinji 9 aýynda biziň sebitimiz uly kynçylyklara duçar boldy. Biz ählumumy maýlama sebäpli ýüze çykan sebitdäki gapma-garşylyklaryň we möwsümleýin üýtgeşmeleriň şaýady bolduk. Muňa garamazdan, uzakmöhletleýin hereketler meýilnamamyz bilen biz girdeji babatda 5,7% göterim ösüş gazanyp, ony 50 milliard ABŞ dollaryna ýetirdik. Şeýlelikde, üçünji çärýekde bize 50 milliard dollarlyk sepgidi ilkinji gezek geçmek başartdy. Ýylyň ahyryna çenli biz 64 milliard ABŞ dollara barabar bolan girdeji almagy maksat edinýäris».
Mundan başga-da, ýylyň başyndan bäri Ortaýer deňzi sebitiniň syýahatçylyk merkezinde jahankeşdeleriň sanynyň hem, syýahatçylykdan alnan girdejileriň hem ep-esli artandygy habar berildi. Ýylyň başyndan bäri Türkiýä iň köp syýahatçy, esasan, üç ýurtdan, ýagny Russiýa Federasiýasyndan (5,53 million), Germaniýadan (5,22 million) we Beýik Britaniýadan (3,54 million) barypdyr.
ORIENT