Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi Atajan Möwlamow, Päkistanyň Milli hünär we tehniki taýýarlyk komissiýasynyň (NAVTTC) başlygy hanym Gulmina Bilal Ahmad bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda Päkistanyň Milli hünär we tehniki taýýarlyk komissiýasynyň başlygy ýolbaşçylyk edýän edarasynyň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berip, iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmaga, iş orunlaryny döretmäge we bilim edaralaryny goldamaga gönükdirilen başlangyçlary durmuşa geçirmekde onuň esasy ornuny nygtady.
Ara alyp maslahatlaşma iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryna gönükdirildi. Taraplar hünär bilimi boýunça iň gowy tejribeleri paýlaşmaga, hünär taýýarlygy üçin bilelikdäki maksatnamalary işläp düzmäge hem-de sebitde tehniki we hünär bilimini ösdürmäge aýratyn üns berdiler.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar hünär bilimi ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen konstruktiw dialogy we maglumat alyş-çalşygyny dowam etdirmek, şeýle hem sebit üçin bu möhüm ugurda özara peýdaly bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek barada ylalaşdylar.
ORIENT
