Turkish Airlines awiakompaniýasy Stambul – Denpasar (Bali) – Stambul ugry boýunça uçuşlaryň sanynyň artandygyny habar berdi.
Indi Türkiýe bilen meşhur Indoneziýa dynç alyş ýeri bolan Bali arasynda hepdede 9 uçuş ýerine ýetirilýär. Bu bolsa ýolagçylaryň Bali adasyna syýahatlaryny has amatly edýär.
Täzelenen uçuş tertibine görä, uçuşlar aşakdaky tertipde amala aşyrylýar:
TK 066 — Stambuldan uçuş 01:55, Denpasara gelmek 19:30 (her gün);
TK 067 — Denpasardan uçuş 21:10, Stambula gelmek 05:40 (her gün);
TK 310 — Stambuldan uçuş 02:25, Denpasara gelmek 20:00 (sişenbe we anna günleri);
TK 311 — Denpasardan uçuş 22:00, Stambula gelmek 06:25 (sişenbe we anna günleri).
Türk howa ýollarynyň biletlerini Turkish Airlines satuw edarasyndan hem alyp bilersiňiz. Salgysy: G. Kulyýew köçesi, 39-njy bina, Ussat binasy.
Elektron poçta: askabatbiletsatis@thy.com
Awiakompaniýanyň resmi saýty: https://www.turkishairlines.com/
