
Türkmenistanly bolan 17 ýaşly Timur Arazmedow Malaýziýada geçirilen Rubik kubigiň çalt ýygnalyşy boýunça ýaryşa gatnaşyp, 12 milli rekordy goýdy.
Ýaryş 1–2-nji noýabr aralygynda Kuala-Lumpura ýakyn ýerleşýän Selangor ştatynda geçirildi we Malaýziýanyň iň güýçli 186 spidkuberini, şeýle hem Hytaýdan, Singapurdan, Müsürden we Fransiýadan gelen gatnaşyjylary toplady.

Aziýa–Ýuwaş umman tehnologiýa uniwersitetiniň (APU) birinji ýyl talyby Timur Arazmedow dürli ugurlarda täsirli netijeleri görkezdi. Onuň ortaça netijeleri şu görnüşde boldy:
— 7x7: 3 minut 36 sekunt
— 6x6: 2 minut 22 sekunt
— 5x5: 1 minut 12 sekunt
— 4x4: 36,54 sekunt
— 3x3: ýarym finalda 9,15 sekunt (iň gowy netijesi — 7,84 sekunt).
Ýaryşyň netijesine görä, ýaş spidkuber Türkmenistanyň 12 milli rekordyna eýe boldy. 3x3 ugrunda bolsa ol ýarym finala çykyp, ýaryşa gatnaşan güýçli oýunçylaryň arasynda 16-njy ýeri eýeledi.
Timur Rubik kubigi ýygnamagy 10 ýaşyndaka internet arkaly özbaşdak öwrenip başlapdyr. Bir hepdeden soň bolsa ol adaty 3x3 kubigi 5 minutdan az wagtda ýygnap bilipdir. «Meniň hemişe kämilleşmek islegim bardy. Wagtyň geçmegi bilen men kubigi gözümi ýumup ýygnamagy hem öwrendim — meniň şahsy rekordym 58 sekunt» - diýip, Timur aýtdy.
Spidkuber özüniň köp ýyllap dosty we halypasy bolan Muhtar Amanowiç bilen türgenleşendigini hem belleýär. Häzirki wagtda Timur türgenleşikleri dowam etdirip, Türkmenistanyň abraýyny halkara çempionatlarynda has-da berkitmäge hem-de ýaşlara öz mümkinçiliklerini ösdürmäge ruhlandyrmagy maksat edinýär.
ORIENT