Türkmenistanyň DIM-nde ministriň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Bahman Nuriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Söhbetdeşler yzygiderli we depginli häsiýete eýe bolan ýokary derejedäki dialog bilen berkidilýän iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellediler we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşdylar.
Gepleşikleriň barşynda Ahal welaýaty bilen Demirgazyk Horasan welaýatynyň arasynda ozal gol çekilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany hasaba almak bilen, sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde özara gyzyklanmanyň bardygy aýratyn bellenildi.

Taraplar söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek meselesini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda geljegi uly bolan we özara bähbitli ugurlarda gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen teklipler öňe sürüldi.
Saparyň çäklerinde eýran wekiliýetiň Ahal welaýatynyň ýolbaşçylary hem-de Türkmenistanyň döwlet edaralaryň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.
ORIENT
