Indoneziýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Indoneziýa Respublikasyndaky Ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur ş.) Muhammetniýaz Maşalow ynanç hatlaryň nusgalary gowşurdy. Duşuşyk Indoneziýanyň DIM-niň Protokol we konsullyk departamentiniň başlygy Endi Rahmianto bilen geçirildi.
Indoneziýa tarapy Ilçini jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa uly üstünlikler arzuw etdi we diplomatik işini durmuşa geçirmekde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara dialogy ösdürmekde ýokary derejedäki dialogyň ähmiýetini belledi. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda saparlaryny we duşuşyklaryny guramagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga aýratyn üns berildi, bu bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bolan maksatlary görkezýär.

Taraplar Türkmenistan bilen Indoneziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli aragatnaşygy saklamak babatynda ylalaşdylar.
ORIENT
