
Aşgabat, 4-nji noýabr | ORIENT. Prezident Donald Trampyň çakylygy bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa + ABŞ” sammitine gatnaşmak üçin ABŞ-a iş sapary bilen ugrady.
Belläp geçsek, döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki ilkinji sammit 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Nýu-Ýorkda geçirildi. Oňa ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden we Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Liderleri gatnaşdylar. Bu “Merkezi Aziýa-ABŞ” formatynda şeýle derejedäki ilkinji duşuşyk boldy.
2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Waşingtonda geçiriljek sammit iň ýokary derejedäki ikinji duşuşyk bolar. Ol “Merkezi Aziýa-ABŞ” formatynyň 10 ýyllygyna bagyşlanyp, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň gatnaşmagynda geçiriler.
“Merkezi Aziýa-ABŞ” hyzmatdaşlyk formaty 2015-nji ýylda hereket edip başlady. Şondan bäri dürli meseleler boýunça ministrleriň yzygiderli duşuşyklary we işçi toparlarynyň mejlisleri geçirildi.
Daşary işler ministrleriniň derejesindäki ilkinji sammit 2015-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň meýdançasynda geçirildi. Duşuşyga ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri we Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Onuň netijeleri boýunça, mundan beýläkki özara hereketleriň esasyny goýan Hyzmatdaşlyk hakynda bilelikdäki Jarnama kabul edildi.
2022-nji ýylda “Merkezi Aziýa-ABŞ” formatynyň işini utgaşdyrmak üçin onuň Sekretariaty döredildi.
Maslahatlaşmalarň esasy temalary howpsuzlyk, ykdysadyýet, energetika, ulag, howanyň üýtgemegi bilen bagly ýaramaz täsirleri azaltmak şeýle hem beýleki meselelere degişli boldy.
Howpsuzlyk: terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, adam söwdasyna garşy göreşmek we Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak. Amerikan tarapy bu ugurlarda hyzmatdaşlygyň möhümdigini nygtady hem-de serhetleri we kanun goraýjy edaralary pugtalandyrmaga goldaw berdi.
Ykdysadyýet we maýa goýumlary: söwda geçelgelerini ösdürmek, esasy pudaklara (magdan senagaty, energetika, oba hojalygy) amerikan maýa goýumlaryny çekmek. 2023-nji ýylda göni işewürlik dialogy üçin B5+1 işewürlik-ulgamy işe girizildi.
Energetika we ulag: Hytaýy Merkezi Aziýanyň üstünden Ýewropa bilen baglanyşdyrýan Hazarüsti ulag geçelgesi (Orta geçelge diýlip hem atlandyrylýar) barada pikir alyşmalar. Infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga we “ýaşyl” energiýany ösdürmäge ünsi jemlemek.
Howa we ekologiýa: howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, suw serişdelerini dolandyrmak we gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk.
Örän seýrek duş gelýän minerallar: 2023 – 2025-nji ýyllarda ABŞ Merkezi Aziýa ýurtlarynda tapylan seýrek duş gelýän ýer metallaryna, urana, litiý we beýleki strategik serişdelere elýeterliligi işjeň goldaýar. Bu 2025-nji ýylyň gün tertibiniň esasy bentleriniň birine öwrüldi.
Adam hukuklary we ynsanperwerlik meseleleri: 2023-nji ýyldaky sammitde Prezident Baýden mümkinçiligi çäkli adamlaryň we zenanlaryň hukuklaryna has köp üns bermäge, şeýle hem raýat jemgyýetini goldamaga çagyrdy.
Öňde boljak duşuşykdan näme garaşmaly?
“MA-ABŞ” sammitleri Amerikanyň Merkezi Aziýa gyzyklanmasynyň artýandygyny, esasanam dünýä giňişligindäki garşydaşlary bilen geosyýasy bäsdeşlik şertlerinde görkezýär.
Sebit ýurtlary üçin şeýle duşuşyklar maýa goýumlaryny çekmek, daşary syýasatda deňagramlylygy saklamak arkaly köpugurly diplomatiýany pugtalandyrmak we halkara derejesinde birleşen sebit hökmündäki derejesini ýokarlandyrmak üçin mümkinçilik döredýär.
Öňde boljak sammitiň, şeýle hem “Merkezi Aziýa – ABŞ” formatyndaky 10 ýyllyk özara gatnaşyklaryň tutuş tapgyryň üstünligi taraplaryň jarnamalary anyk taslamalara öwürmek ukybyna bagly bolar, şol bir wagtyň özünde geosyýasy taýdan aşa köp polýarlaşmadan gaça durmaly.
Duşuşyklaryň netijleri boýunça kesgitlenen bähbitleriň deňagramlylygy “Merkezi Aziýa – ABŞ” formatyndaky ýubileý sammitiniň taryha nähili girjekdigini kesgitlär.
Bekdurdy AMANSARYÝEW,
TÜRKMENISTANYŇ DIM-niň HGI-niň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi