Medeni köprüleriň we siwilizasiýalaryň şäheri bolan Stambulda türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeligi resmi taýdan açyldy. Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde guralan bu möhüm ynsanperwer çäre doganlyk ýurtlaryň arasyndaky ruhy dialogyň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Türkiýäniň edebiýatçylar jemgyýetiniň binasynda geçirilen açylyş dabarasynyň esasy wakasy “Türki dünýäsinde zenan we söz” atly goşgular toplumynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu neşir Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy we Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amangözel Şagulyýewanyň 85 ýaş toýy mynasybetli çap edildi.
Amangözel Şaguýewanyň döredijiligi häzirki zaman türkmen edebiýatynyň taryhynda aýratyn orun eýeleýär. Onuň şygryýeti pikirleriň çuňlugy, ýokary çeperçiligi we Watana, halkyna we ruhy gymmatlyklaryň goragçylary hökmünde zenanlara bolan çuňňur söýgüsi bilen tapawutlanýar.

Giriş sözi bilen ýygananlaryň – döwlet işgärleriniň wekilleriniň, tanymal alymlaryň, ýazyjylaryň we sungat işgärleriniň öňünde – TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Sultan Raýew we Türkmenistanyň Gahrymany, Halk suratkeşi Saragt Babaýew dagylar çykyş etdiler.
Bu çäre bilen ugurdaş Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsullygynda Türkmenistanyň ruhy mirasyny ýurduň häzirki döwürdäki daşary syýasaty bilen baglanyşdyrýan surat sergisi açyldy.
Sergi Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegine bagyşlandy. Serginiň açylyş dabarasyna meşhur medeniýet işgärleri, Türkiýäniň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň wekilleri we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeliginiň çäklerinde Ankarada we Stambulda türkmen edebiýatyny, sungatyny we baý medeni mirasyny giňden wagyz etmäge gönükdirilen dürli medeni çäreler, sergiler, döredijilik duşuşyklary we şygryýet agşamlary geçiriler. Bu çäreler parahatçylygyň we medeni ýakynlaşmanyň ajaýyp nyşanydyr.
ORIENT
