
Noýabr aýynyň 3-ne Awaza Milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek» (CIET 2025) atly Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylyş dabarasy boldy.
Döwlet edaralarynyň, işewür we ylmy jemgyýetçiligiň wekillerini birleşdiren bu forum Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli guraldy.

Halkara sergisinde ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň degişli edaralary, kärhanalary we hususy kompaniýalary tarapyndan öndürilýän önümler, täze işläp taýýarlamalar, taslamalar giňden görkezilýär. Halkara maslahatyň maksatnamasy bolsa durnukly ösüş, maýa goýumlar, hyzmatdaşlyk we innowasiýalar ýaly möhüm temalary öz içine alýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň beýleki ugurlary bilen birlikde gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklary ýokary depginler bilen ösdürilýär. Innowasion önümçilikleri döretmek, iri senagat toplumlary gurmak, importyň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak we dürli pudaklaryň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek babatda üstünlikli işler alnyp barylýar. Sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna hem aýratyn üns berilýär.

Şu gün açylan Halkara sergisi we ylmy maslahaty gepleşikler, maslahatlar we tejribe alyşmak üçin interaktiw meýdança hökmünde hem çykyş edýär.
Halkara sergisine we maslahata gatnaşyjy wekiller häzirki zaman Türkmenistanyň gazananlary, innowasion tehnologiýalary bilen tanyşyp bilerler. Bu tehnologiýalar şäherlerde we obalarda ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen gurluşyk pudagynyň çalt ösüşi arkaly durmuşa geçirilýär. Gurluşyk pudagy milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly bolan ugurlarynyň biridir.
Soňky ýyllarda milli binagärlik keşbinde we şähergurluşykda daşary ýurtlaryň iň täze çözgütleri ulanylmak bilen birnäçe nusgalyk şäherler, obalar, döwrebap oba ilatly ýerleri gurlup, ulanylmaga berildi.
Olaryň hatarynda ýaşaýyş jaýlary, önumçilik-senagat toplumlary, bilim edaralary, sport desgalary, ajaýyp myhmanhanalar we dynç alyş seýilgähleri, sagaldyş hem-de lukmançylyk merkezleri, ýokary tizlikli awtomobil ýollary we ýaşyl zolaklar bar.

Türkmen Döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyplary hem bu halkara sergisiniň we maslahatynyň işine işjeň gatnaşýarlar. Bu çäreler Türkmenistanyň uzak möhletleýin strategik garaýşyny – innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna, gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we durnukly ösüşe esaslanýan ugruny görkezýär.
4-nji noýabrda tamamlanjak bu forumyň guramaçylary Türkmenistanyň «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Energetika ministrligi, Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi, Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de «Turkmen Energy Forum» hojalyk jemgyetidir.
Amanmyrat ARAZOW,
Türkmen Döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň ylmy bölüminiň müdiri