
Türkmenistanyň Balkan welaýatynda gadymdan bäri «ak altyn» diýlip atlandyrylýan strategik oba hojalyk önümi hasaplanýan pagta ekiniň ýygymy tamamlandy. Bu barada resmi metbugat habar berdi.
Bu waka möhüm üns berilmegine mynaspdyr, sebäbi ol ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň durnuklylygyny we bu ugra uzak möhletleýin maýa goýumlaryň netijeliligini görkezýär.
Türkmenistanda dürli oba hojalyk önümleri öndürilýär. Hatda banan hem. Emma pagta olaryň arasynda aýratyn orny eýeleýär. Näme üçin?
Ilki bilen, «ak altyn» ýurdumyza hakyky altyn getirýär. Türkmen pagtasynyň ýokary hiline görä, ondan öndürilýän önümler halkara bazarlarynda ýokary baha eýe bolup, döwletimiz üçin eksport girdejileriniň çeşmesi bolup hyzmat edýär.
Pagta – ýurdumyzda dokma senagatynyň esasy çig maly bolup, ekologik taýdan arassa matalaryň, trikotažyň, lukmançylyk serişdeleriniň we ş.m. öndürilmegine niýetlenendir.
Şol bir wagtyň özünde-de, pagtaçylyk pudagy iş orunlar bilen üpjün edilmeginde möhüm orun eýeleýär – pagta ekmek, ýygmak we gaýtadan işlemek ýüz müňlerçe oba zähmetkeşini iş bilen üpjün edýär. Uly bolmasa-da, pagta azyk howpsuzlygynyň hem bir bölegi bolup durýar. Mysal üçin, pagta künjarasy mal üçin oňat iýmit hasaplanylýar, pagta ýagynda bişirilýän palowyň bolsa tagamy deňsiz-taýsyzdyr.
Üstünlikli hasyl ýygymy – bu, elbetde, resmi habarda bellenilişi ýaly, ulgamlaýyn işiň netijesidir.
Bu zähmet ýeňşiniň arkasynda döwlet tarapyndan berilýän goldaw dur – türkmen daýhanlaryna topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin mineral dökünler, ýokary hilli, kämilleşdirilen tohumlar, dünýäniň öňdebaryjy öndürijilerinden häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary berilýär.
Ykdysady kepillikler bolsa öndürilen önümler üçin öz wagtynda hasaplaşyklaryň geçirilmeginde ýüze çykýar. Bu bolsa oba hojalyk öndürijileri üçin töwekgelçilikleri azaltmaga we olaryň bu ugra has köp maýa goýmaga höwesini artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dowam edýän özgertmeleri oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmaga, öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, türkmen oba hojalyk önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi bolsa strategik meýilnamalaşdyrmagyň netijesidir.
Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň üstünligi diňe welaýat üçin däl, eýsem tutuş ýurdumyz üçin hem ähmiýeti uludyr. Bu hem oba hojalyk pudagynyň çylşyrymly howa şertlerinde-de durnuklylygyny subut edýär. Gurakçylyk, howa derejesiniň üýtgemeleri we öň görlüp-eşidilmedik tozanly şemallaryň ýüze çykmagy ýaly ýagdaýlarda-da ösüş dowam edýär.
Bularyň ählisi öz gezeginde gaýtadan işleýän kärhanalara maýa goýumlaryny höweslendirýär. Munuň netijesinde ýokary goşmaça bahaly önümleriň paýy artýar.
Mundan başga-da, pagta ösdürip ýetişdirmek içerki önümçiligi ösdürmek arkaly azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrýar.
Ýene bir möhüm zat – «ak altyn» eksport bazarlaryny giňeltmäge mümkinçilik berýär. Türkmen pagta önümleri däp bolşy ýaly Hytaýda, Türkiýede we Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlarda uly islegden peýdalanýar.
Ýöne gazanylan netijeleri saklamak we artdyrmak üçin, Türkmenistana suw tygşytlaýjy tehnologiýalary has işjeň ornaşdyrmak gerek (ilki bilen damjalaýyn we ýagyşlama suwaryş usullaryny), suw serişdeleriniň ýetmezçiligini nazara almak bilen, kesellere we gurakçylyga durnukly sortlary döretmek boýunça seleksiýa işlerini ösdürmek, çig maldan taýýar mata we egin-eşik öndürýän ýerli gaýtadan işleme kuwwatlyklary artdyrmak, şeýle hem daşary ýurt bazarlaryna durnukly üpjünçilik ulgamlary üçin logistik zynjyrlary berkitmek wajypdyr.
Şonuň üçin Balkan welaýatyndaky pagta ýygymy diňe möwsümleýin oba hojalyk çäresi däl-de, eýsem Türkmenistanyň oba hojalyk ykdysadyýetiniň «saglygynyň» görkezijisi bolup durýar. Bu ýagdaý döwlet tarapyndan oba hojalygyna berilýän goldawyň öz netijesini berýändigini, milli däp bolan ekinleriň ýokary tehnologiýaly önümçilige öwrülip bilýändigini we welaýatyň hatda global bäsdeşlik şertlerinde-de ösüş mümkinçiliklerini saklaýandygyny görkezýär.
Balkanda ýygnalan hasyl – Türkmenistany sebitleýin derejede täsirli oba hojalyk senagaty toplumynyň merkezine öwürmäge gönükdirilen tagallalaryň zynjyryndaky nobatdaky halkadyr.
ORIENT