
Türkmenbaşy, 2-nji noýabr | ORIENT. Şu gün Türkmenistanyň günbatar sebitinde, Türkmebaşy etrabynda uly möçberli taslamalara: karbamid öndürýän döwrebap toplumyň gurluşygyna badalga berildi.
Bu çäräniň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen halkara konsorsiumynyň– Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corporation» we Türkiýäniň «Gap Inşaat» kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň arasyndaky geçirilen iki möhüm duşuşyk dabaranyň esasy pursady boldy.
Ýapon hyzmatdaşy bilen duşuşyk: geljege garaýyş
«Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Eisaku Ito bilen geçirilen duşuşykda häzirki taslamalar bilen bir hatarda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň strategik mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýaponiýa köp ýyllardan bäri türkmen bazarynda orun alyp, ýangyç-energetika toplumynda, elektroenergetika we himiýa senagaty ýaly möhüm pudaklarda işleri alyp barýar.
Dialogyň dowamynda Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary, esasanam daşary ýurtly ýokary tehnologiýaly kompaniýalar üçin amatly şertleri döretmek ugrundaky işleri dowam etdirýändigi aýratyn bellenildi.
Eisaku Ito öz gezeginde innowasion senagatlaşdyrmak we ykdysadyýetiň ýaşyllaşdyrylmagy boýunça syýasat ugruny goldaýandygyny mälim edip, karbamid öndürýän toplumyň taslamasynyň şu ýörelgeleri öz içine alýandygyny belledi.
Taraplar hyzmatdaşlygyň aýry-aýry taslamalaryň çäginden çykyp, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga gönükdirilendigini bellediler.
«Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» üçin bu taslama – diňe bir täjirçilik şertnamasy bolman, eýsem “ýaşyl” himiýa we energiýa tygşytlaýjy önümçilik ulgamynda ýapon tehnologiýalaryny görkezmek arkaly Merkezi Aziýadaky ornuny berkitmek üçin mümkinçilikdir.
Türk hyzmatdaşlygy: däp-dessurlar we innowasiýalar
«Çalik Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen geçirilen duşuşyk Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatynyň ýene bir möhüm ugry – Türkiýe bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmakdygy görkezdi. Taryhy taýdan türkmen-türk gatnaşyklary medeni we dil taýdan ýakynlyga, özara ykdysady bähbitlere we sebitleýin ösüş üçin strategik garaýyşa esaslanýar.
Söhbetdeşligiň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan esasy temalar «Çalik Holding» kompaniýasynyň Türkmenistanda iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmekdäki orny, elektrik energiýasy pudagynda, Hazar deňziniň üsti bilen (şol sanda Türkiýä) elektrik energiýasyny eksport etmekde hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri we ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde karbamid toplumynyň ähmiýeti barada boldy – onuň kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna deň bolar.
Ahmet Çalygyň yzygiderli nygtalyşy ýaly, türkmenleriň we türkleriň etniki gelip çykyşlary boýunça bir halkdyr. Şeýle hem işewür duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ykdysadyýetini pugtalandyrma goşant goşmagyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow öz gezeginde türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny we hyzmatdaşlyk birnäçe ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigini belledi.
Taslama sebit üçin nämeni aňladýar?
Karbamid toplumynyň gurluşygy – bu ýöne bir täze zawod däl. Bu, ilkinji nobatda, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakdyr. Taslamanyň tamamlanmagy gaz himiýa senagatyny ösdürýän Türkmenistana dünýä bazarlaryny çig mal däl-de, taýýar önümler bilen üpjün etmekde ýene bir ädim ätmäge mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň gazananlary bilen çäklenmän, halk hojalyk toplumyny tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça iri möçberli taslamalary maksada okgunly durmuşa geçirmegini dowam etdirýändigini bellemek zerurdyr. Ýaponiýanyň we Türkiýäniň öňdebaryjy çözgütleriniň ulanylmagy ýokary energiýa netijeliligini we halkara ekologiýa standartlaryna laýyk gelmegi üpjün eder.
Häzirki wagtda sebitleýin integrasiýa işi aýdyň ýagdaýda dowam edýär. Karbamidi Merkezi Aziýa, Ýakyn Gündogar we beýleki sebitlerdäki ýurtlara eksport etmek mümkinçiligi Türkmenistanyň söwda hyzmatdaşy hökmünde ornuny ähmiýeli derejede güýçlendirýär.
Elbetde, esasy pursatlary biri – bu täze iş orunlarynyň döredilmegidir. Toplumyň gurluşygy we işlemegi müňlerçe täze iş orunlaryny döreder we ýerli hünärmenleriň ösüşine itergi berer.
Halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri nähili?
Iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklar Türkmenistanyň köpugurly hyzmatdaşlygy gurýandygyny, Gündogar bilen Günbataryň arasynda deňagramlylygy saklaýandygyny, ýaşyl tehnologiýalara we durnukly ösüşe üns berýändigini görkezýär.
Ýaponiýa we Türkiýe üçin bu taslama – Merkezi Aziýa sebitinde öz orunlaryny has-da pugtalandyrmak, tehnologiýalarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny görkezmek we täze bilelikdäki başlangyçlaryň binýadyny goýmak üçin goşmaça mümkinçilik döredýär.
Karbamid – dünýäniň oba hojalygynda esasy azot dökünleriniň biridigini bilmelidiris. Onuň ähmiýetini ýokary baha bermek kyn. Karbamid ösümlikleriň ösüşini netijeli höweslendirýär, däne, gök we miwe ekinleriniň hasyllylygyny 30–50% ýokarlandyrýar.
Karbamidiň möhüm häsiýeti onuň köpugurlylygydyr – döküniň bu görnüşi toprak görnüşleriniň we ekinleriň köpüsi üçin amatlydyr. Mundan başga-da, karbamid diňe oba hojalygynda däl, eýsem senagatda hem ulanylýar. mysal üçin, ýelimleriň, şepbikleriň we käbir plastmassa görnüşleriniň önümçiliginde peýdalanylýar.
Oba hojalyk pudagy ykdysadyýetiň möhüm bölegi bolan Türkmenistan üçin içerki karbamid önümçiligi – import edilýän dökünlere garaşlylygy azaldýar, daýhanlara elýeterli bahadan ýokary hilli önüm bilen üpjün edip, sebitdäki goňşy ýurtlara eksport etmek mümkinçiligine eýedir.
Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň gurluşygyna badalga berilmegi –Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin möhüm wakadyr. Ol bir tarapdan ýurduň tehnologik garaşsyzlyga ygrarlylygyny görkezýär, beýleki tarapdan bolsa – dünýäniň oba hojalyk üpjünçilik zynjyrynda Türkmenistanyň mümkinçiliklerini artdyrýar.
Dünýäde azyk dökünlerine bolan islegiň artýan şertlerinde, şeýle zawod diňe bir Türkmenistanyň ykdysadyýetini pugtalandyrman – ol Merkezi Aziýada we onuň daşynda hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar.