
2-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow welaýatyna iş saparyny amala aşyryp , ol ýerde ýurduň senagat ösüşiniň we onuň üstaşyr mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmeginiň täze tapgyryny alamatlandyrýan birnäçe dabaralara gatnaşdy. Şol dabaralaryň arasynda iri karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak şeýle hem Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralary bar.
Dabaralaryň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe gabat gelmegi ýurduň innowasion, eksporta gönükdirilen ösüş ugruna ygrarlydygyny nygtaýar.
Şeýlelikde, döwlet Baştutanynyň gatnaşmagynda, Türkmenbaşy etrabynda ýurtda dördünji karbamid öndürýän toplumyň düýbi tutuldy.
Bu toplum ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid döküni öndürmäge niýetlenendir, şunuň bilen baglylykda bu ýerde çig mal üçin bir gije-gündiziň dowamynda 2 müň tonna ammiak öndüriler. Gurluşyk işine dünýä derejesindäki kompaniýalarynyň konsorsium gatnaşýar: «Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa) we «Gap Inşaat» (Türkiýe).
Bu ýerde Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjylarynyň kämil tehnologiýalary ulanylar: ammiak önümçiligi üçin Daniýanyň «Topsoe», karbamid sintezi üçin Italiýanyň «Saipem», digirlenen karbamid önümçiligi üçin Germaniýanyň «ThyssenKrupp».
Täze zawod diňe bir himiýa senagatyny we azyk howpsuzlygyny ösdürmä uly goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem müňden gowrak täze iş orunlaryny döreder we Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini pugtalandyrar.
Şeýle hem Garabogazköl aýlagynyň üstünden häzirki zaman awtomobil köprüsiniň ulanmaga berilmegi we Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüniň tutulmagy – möhüm wakalar boldy.
Türkmen hünärmenleriň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda gurlan köpriniň umumy uzynlygy 354 metr, ini bolsa 21 metrdir.
Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň uzynlygy 207 kilometre deňdir. Dört zolakly awtomobil ýolunyň giriş we çykyş nokatlary maglumat gorly serweri bolan döwrebap wideogözegçilik enjamlary bilen üpjün ediler we 24 sagadyň dowamynda 14 müň sany awtoulaga hyzmat etmäge niýetlenendir.
Bu ýol-ulag düzümi diňe bir Türkmenistanyň günbatar hem-de demirgazyk sebitlerini baglanyşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem Eýrany, Türkmenistany we Gazagystany birleşdirýän Merkezi Aziýanyň ýol ulgamynyň bir bölegi bolar. Bu bolsa Russiýadan Hindistana ýüň daşaýjylaryň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrar we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen amala aşyrylýan ýük dolanyşygyny artdyrmaga ýardam berer.
Prezidentiň iş saparynyň çäginde Esenguly etrabynda suw arassalaýjy desganyň hem dabaraly ýagdaýda ulanmaga ulanmaga berildi. Ýewropa döwletleriniň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan bu desga deňiz suwundan günde 20 müň kub metr arassa agyz suwuny öndürmäge ukyplydyr.
Şeýlelik bilen, Balkan welaýatyny senagat ösüşine, üstaşyr integrasiýasa we ýaşaýyş -durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýän giň möçberli başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin meýdança öwrülýär, bu bolsa Türkmenistanyň durnukly ösüşe we halkynyň abadançylygy ugrundaky işlere ygrarlydygyny tassyklaýar.
ORIENT