
Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde makroykdysady jemlerdem we ýangyç-energetika toplumy boýunça hasabatlardan başga-da 2025-nji ýylyň ýanwar – oktýabr aýlarynda kanunçylyk, daşary syýasat, gurluşyk, obasenagat we durmuş ulgamlarda ýerine ýetirilen işler barada hasabatlar diňlenildi.
Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça ähmiýetli işler barada hasabat berdi:
Kabul edilen kanunlar — Hasabat döwründe kanunlarynyň 17-si, şol sanda “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny, “Kazyýet hakynda”, “Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda” Kanunlar kabul edildi şeýle reket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalar girizildi.
Halkara hyzmatdaşlyk – Dünýä ýurtlarynyň parlamentleriniň, diplomatik wekilhanalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 55-si geçirildi we öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek üçin daşary ýurtlara iş saparlarynyň 34-si guraldy.
Möhüm sapar — Mejlisiň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna sapary amala aşyryldy. Onuň çäklerinde RF-iň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.
Agrosenagat we gurluşyk toplumy
Oba hojalygy. Wise-premýer Taňryguly Atahallyýew oba hojalyk pudagynda önümçiligiň ösüş depgini barada hasabat berdi, ýagny 114,2% deň boldy. Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti 128,2%, “Türkmenpagta” döwlet konserni bolsa 131,1% ösüşi görkezdi. Häzirki wagtda bugdaýy suwarmak we pagta ýygmak ýaly möwsümleýin kampaniýalar dowam edýär. Häzirki wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleri şol sanda bugdaý ekilen meýdanlarynda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, pagta hasylyny ýygnap almak işleri alnyp barylýar.
Gurluşyk we senagat. Wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 104,1% ýerine ýetirilendigini habar berdi. Hususan-da degişli meýilnama Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça 113,8%, Energetika ministrligi boýunça bolsa – 109,7% ýerine ýetirildi.
Daşary syýasat we diplomatiýa
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň durmuşa geçirilişi barada giňişleýin hasabat bilen çykyş etdi:
— Prezident saparlary: Döwlet Baştutany 9 ýurda, şol sanda ABŞ, Hytaýa, Ýaponiýa we Italiýa saparlary amala aşyrdy.
— Türkmen halkynyň Milli Lideriniň saparlary: Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 8 ýurda we sebitlere saparlary amala aşyrdy.
— Halkara işjeňligi: Türkmenistan özünde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny şeýle hem Azerbaýjanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşygyny kabul etdi.
— Resminamalar: Halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti 179 sany resminama bilen ýetirildi.
— Öňde boljak sapar: Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Prezident Donald Trampyň çakylygy boýunça ABŞ-a meýilleşdirilen saparyna taýýarlyk görlüşi aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Saparyň dowamynda Waşingtonda ikitaraplaýyn duşuşyk we “Merkezi Aziýa — ABŞ” sammiti geçiriler.
Ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, şeýle hem medeniýet
Wise-premýer durmuş ulgamdaky ösüşler barada hasabat berdiler:
Bilim we sport (Baýramgül Orazdurdýewa): Mekdep okuwçylary, talyplar halkara ders we internet bäsleşiklerinde jemi 815 medala mynasyp boldular. Sport ulgamynda milli ýygyndy toparlar jemi 818 medal gazandylar. “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda öňdebaryjy lukmançylyk usullaryny ornaşdyrmak we täze desgalaryň (köp ugurly hassahanalar, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi) gurluşyk işleri dowam etdirilýär.
Medeniýet (Bahar Seýidowa): Azerbaýjanda we Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi, şeýle hem Rim şäherindäki Kapitoliý muzeýinde “Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary” atly arheologik serginiň açylyş dabarasy boldy. Döwlet Baştutany halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi we taryhy-medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ulag-kommunikasiýa toplumy
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113% deň bolandygy barada hasabat berdi. Ýük daşamagyň meýilnamasy 100,6%, ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy bolsa – 105% berjaý edildi.
2026-njy ýylyň şygary we nyşany
Mejsiniň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygyna 2026-njy ýyla at bermek hem-de onuň nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.