
Anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň on aýynyň (ýanwar – oktýabr) deslapky makroykdysady görkezijileriň netijeleri jemlendi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa esasy görkezijileriň durnukly ösüşini barada hasabat berdi.
Berlen maglumatlara görä, hasabat döwründe Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüş depgini 6,3% deň boldy. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda oňyn ösüş hasaba alyndy (2025-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlary 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende):
Ulag-aragatnaşyk pudagynda: +10,4%
Söwdada: +9,7%
Hyzmatlar ulgamynda: +8,3%
Gurluşykda: +8,1%
Oba hojalygynda: +5,2%
Senagat pudagynda: +1,7%
Jemi öndürilen önüm 10,1% artdy.
2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti
Wise-premýer H.Geldimyradow hasabatyny dowam edip, 2026-njy ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasyny şeýle hem geljek ýyl üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny hödürlerdi.
Döwlet býujetiniň taslamasy “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alnyp işlenip taýýarlanyldy. Onda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýetiň pudaklaryny, welaýatlary şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherlerini ösdürmäge düýpli maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär.
Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, resminamanyň möhümdigini nygtap, 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna ibermek barada degişli resminama gol çekdi.