Aýritom serhetüsti söwda merkezine öwrülýär
15.10.2025 | 10:00 |Termez şäherindäki Aýritom erkin söwda zolagy Özbegistan bilen Owganystanyň arasyndaky serhetüsti söwdanyň möhüm merkezleriniň birine öwrülýär diýip, Ykdysady barlaglar we özgertmeler merkezi (YBweÖM) habar berýär. Merkeziň maglumatlaryna görä, zolak işjeňligiň durnukly ösüşini hem-de telekeçileriň we myhmanlaryň ýokary derejede gyzyklanmasyny görkezýär.
Aýritom 2024-nji ýylyň awgust aýynda açyldy we 26 gektar meýdany eýeleýär. Zolagyň 164,2 müň inedördül metri myhmanhana, lukmançylyk klinikasy, telekeçiler mekdebi, restoranlar hem-de logistika toplumy ýaly infrastruktura desgalaryny öz içine alýar. Taslamanyň çäklerinde takmynan 3 müň iş ornuny döretmek meýilleşdirilýär. Esasy eksport möçberi ýylda 1,2 milliard dollara barabar bolar, ýyllyk myhmanlaryň sany bolsa 1,4 million adama çenli ýetip biler.
Açylaly bäri söwda zolagyna 740 müňden gowrak adam, şol sanda 400 müň owgan raýaty gelip gördi. Myhmanhana hem-de lukmançylyk hyzmatlary iň meşhur ugurlar hökmünde galýar. YBweÖM-nyň maglumatlaryna görä, Hilton Garden Inn myhmanhanasyny 9 müňden gowrak adamy kabul etdi, Akfa Medline hassahanasy bolsa 76 müňden gowrak näsaglara hyzmat berdi, olaryň 80%-i — Owganystanyň raýatlarydyr.
Söwda işjeňligi hem artýar. Jemi 490 söwda ýeriniň 218-si eýýäm işleýär, Owganystana eksport edilýän harytlaryň möçberi bolsa 187 million dollardan geçdi.
Telekeçileriň arasynda geçirilen soragnamanyň netijelerine görä, olaryň 70%-i zolagyň açylan gününden bäri ol ýerde işleýärler. 67%-iniň ýyllyk söwda dolanyşygy 1 milliard suma (takmynan 78 müň dollar) çenli, 29%-iniňki bolsa 3–5 milliard suma çenli (takmynan 390 müň dollar) ýetýär. Sorag edilenleriň deň ýarysy kärende bahalarynyň (1 inedördül metre 2,6–8,3 dollar) ýokarydygyny belleýär. Esasy alyjylar hökmünde Owganystanyň raýatlary galýar — müşderileriň sanynyň ýarysy olardan ybarat.
Aýritomda 1000-den gowrak termezli ilata we 140 owgan raýatyna iş orny döredildi.
Satyn alyjylaryň 91% azyk önümleri satyn almak üçin gelýändigini aýtdy, 48% — egin-eşik, 38% — hojalyk enjamlary, 14% bolsa derman önümleri üçin gelýär. Sorag edilenleriň üçden iki bölegi Aýritomdaky nyrhlaryň beýleki bazarlardan has arzan bolandygyny aýtdy. Şeýle-de bolsa, alyjylaryň üçden biri bu ýere diňe aýda bir gezek gelýändigini, 43%-i bolsa yzygiderli ulag gatnawynyň ýokdugyny belläp geçdi.
Barlagyň netijesine görä, 71% owgan myhmanlary serhetden geçmegiň we gümrük gözegçiliginiň uzak wagty alýandygyny aýtdylar. Soraga gatnaşanlaryň 95%-i zolagyň gije-gündiz işlemegini goldaýandygyny, müşderileriň üçden ikisi bolsa myhmanhana hyzmatlarynyň bahalarynyň täzeden seredilmegini hem-de bilim, hyzmat we dermanhana hyzmatlarynyň giňeldilmegini teklip edýär.
YBweÖM-nyň bellemegine görä, erkin söwda zolagynyň hyzmatlaryna bolan isleg ýokary bolup galýar, onuň infrastrukturasynyň we hyzmat ugurlarynyň has-da ösdürilmegi Aýritomy serhetara