Aziýanyň Ösüş Banky (AÖB) Türkmenistanyň hususy kärhanalaryny Merkezi Aziýa Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň (CAREC) işewürlik forumyna gatnaşmaga çagyrýar. Forum 2025-nji ýylyň 18–19-njy noýabrynda Bişkekde CAREC-yň 24-nji Ministrler maslahatyndan iki gün öň ýanynda geçiriler.
Forum “CAREC geçelgeleriniň transformasiýasy — işewürlik üçin täze mümkinçilikler” temasyna bagyşlanyp, CAREC geçelgesi 2 (Orta geçelge bilen gabat gelýän) esas alynyp, durnuklylyk we sanly döwrebaplaşdyrma ugurlaryna ünsi jemlär.
Akylly logistika, sanly we elektron söwda, durnukly ulag, şäher hereketliliginiň intellektual ulgamlary, ýaşyl energetika we ekologiýa syýahatçylygy bilen meşgullanýan kompaniýalar foruma gatnaşmaga çagyrylýar. Içki saýlama prosesinden soň kärhanalara forumda göni gatnaşmak üçin resmi çakylyk hatlary berler.
Forumyň maksatnamasynda döwlet-hususy hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri, sebitleýin taslamalaryň öňe sürülmegi, şeýle hem B2B we B2G görnüşindäki duşuşyklar meýilleşdirilýär. Gatnaşyjylar CAREC gatnaşyjy ýurtlarynyň wekilleri, Aziýanyň we Ýewropanyň pudak ýolbaşçylary, mümkin bolan maýadarlar, AÖB-niň ýolbaşçylary, maliýe ösüş institutlary we wençur edaralary bilen gönüden-göni gatnaşyk gurup bilerler.
Göni gatnaşmak üçin hasaba alnyşyk 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabryna çenli (Aşgabat wagty bilen 20:59-a çenli) CAREC maksatnamasynyň resmi sahypasy arkaly mümkin: https://carecprogram.org/?event=carec-business-forum.
Forum Merkezi Aziýa sebitinde hususy pudak üçin işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin meýdançany hödürleýär.
ORIENT
