Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz!
25.09.2025 | 15:30 |Şu günler Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalyny asyrlara barabar beýik özgerişler bilen dünýä tanadan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy uly dabaralara beslenip giňden bellenilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Türkmenistanyň hormatly Prezidenti merdana türkmen halkynyň at-owazasyny täze röwüşde äleme ýaýdy. Türkmen halkynyň mertebesini parahatçylyk söýüji, ynsanperwer halk hökmünde jümle-jahana ykrar etdi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyz türkmen halkynyň bagtynyň täze belentlige göterilmegi, ruhunyň we mertebesiniň dabaralanmagydyr. Garaşsyzlyk halkyň Arşa ganat açmasy, milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem-de parahatlyk mukamy bolup ýaňlanýar.
Garaşsyzlygyň şöhratly ýollarynda amala aşyrylýan beýik işleriň her biri asyrlara barabar gahrymançylykly wakalardyr. Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem, arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi.
Çünki, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny gazanmagy bilen merdana ata-babalarymyzyň asyrlar boýy ýüreklerinde ýaşadan arzuw-umytlary, erk-islegleri täze öwüşginde hasyl boldy. Garaşsyzlyk halkyň bagtyýar ertirine uzaýan ak ýoluna baky öçmejek ýalkym saçdy.
Garaşsyzlyk biziň ýurdumyzda halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýyşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi. Bu günki gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan iň ýokary münberlerinden dünýä ýaň salýar.
Ösüşlere beslenen Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan, durmuş-ykdysady ösüşde öz baý tebigy serişdelerinden aýawly peýdalanmakda belent sepgitlere ýetdi. Türkmenistan ykdysady ösüşiň netijelerini durmuş ulgamyny ösdürmäge, ýurduň geljekki gülläp ösüşini üpjün etmäge ukyply ýokary intellektual we berk bedenli adam maýasyny kemala getirmäge gönükdirýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuş maksatly iri taslamalar amala aşyryldy, bilim, medeni, ylmy we sport, ulag we aragatnaşyk maksatly edaralaryň döwrebap, giň toplumy döredildi.
Türkmenistanyň mukaddes Garraşsyzlygynyň şanly 34 ýyllyk toýy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de ýurdumyzyň bagtyýar halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan mundan beýläk-de gülläp össün!
Almagül Geldiýewa,
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň hünärmeni, Kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy